Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
22:20 30.10.2022

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde. Ol gerek ýerinde talapkär mugallym, mährem ene bolup, her bir üstünligiňe guwanýar, gyzyldan gymmatly maslahatlaryny berýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly halypa üçin ýatdan çykmajak şatlykly ýyllaryň biri boldy. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň uludan bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi boldy. Bu gün Orazgül Gurdowa biziň redaksiýamyzda myhmançylykda. Meşhur sungat ussady bilen biziň söhbetdeşligimiz, ýola goýlan däbe görä, çaý başynda boldy.
— Orazgül halypa, ömür örküňizi baglan sungat ýoluna gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz.
— Aýdym-saza höwesim mekdep ýyllarynda döredi. Kompozitor mugallymymyz Çary Abdyllaýew meniň ilkinji halypam. Halypamyň öwretmeginde ilkinji gezek 1964-nji ýylda «Jigim jan», «Babajyk» diýen aýdymlary ýerine ýetirdim. Aýdym-sazdan başga-da, sport bilen meşgullanardym, woleýbol boýunça gyzlar toparynyň ýolbaşçysy hökmünde köp ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolduk. Mekdebi tamamlap, şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetinde okan ýyllarym hem aýdym aýdardym.
— Halk arasynda meşhurlyga ýetiren aýdymyňyz haýsy?
— «Kabul eýle, jan Watan!» aýdymy. Bu aýdymy kompozitor Alyhan Ökdirow döretdi. Men şol döwürler Ahal welaýat medeniýet öýünde zähmet çekýärdim. Şol döwürler Alyhan Ökdirowyň agasy Döwletgeldi Ökdirowyň ady mekdepleriň birine dakyldy. Şol dabaraly çärä men hem gatnaşdym. Şonda Alyhan aga bilen tanyşdym. Ol öz döreden aýdymyny maňa ýerine ýetirmek üçin berdi. Aýdym şowly çykdy.
— Şägirtleriňiz barada hem aýdaýsaňyz?
— Şägirdim — Gülşat. Halkymyzda «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýleni boldy. Teatrda işleýän ýaşlaryň aglabasyny öz ýetişdiren şägirtlerim diýip biljek.
— Halypa, gowy görüp diňleýän aýdymçylaryňyz kimler?
— Aýdymçylar Gülşirin Annamyradowanyň, Züleýha Kakaýewanyň, Parahat Şyhymowyň, Kerwen Ýowbasarowyň aýdymlaryny uly höwes bilen diňleýärin. Dogrusy, Gülşat jany we olary diňlänimde dynç alýaryn.
— Aýdymyň şowly çykmagy üçin ýerine ýetirijilik ukybyň-da güýçli bolmaly-da.
— Ýerine ýetirijilik ukybyň hem, ýatkeşligiňem gowy bolmaly. Sahnada keşbi janlandyryp durkaň, diýjek sözleriň ýadyňa düşmeýän wagtam bolýar. Şeýle ýagdaýda tomaşaça duýdurman alyp çykmak başarnygyňa bagly. Teatr ugrundan ýörite bilimim bolmansoň, halypa artistleriň oýunlaryna köp tomaşa edip, oýny gaýtalap görüp, kämilligimi artdyrýaryn. Öz üstüňde işlemek bilen kämillige ýetip bolýar. Tomaşaçynyň gyzgyn elçarpyşmalaryna eýe bolmak üçin yhlas edýärin.
— Repertuaryňyzda halypalaryň ýerine ýetiren aýdymlaryndan haýsylar bar?
— «Balsaýat», «Ynjytma», «Oýanmazmyň», «Bilbiliň sesi seňkiçe bolmaz», «Zöhre jan», «Gözellerden zyýada», «Deňiz guşum», «Unutmagyl», «Sen-sen», «Ýagmyr ýagdyr soltanym», «Nar agajy» ýaly aýdymlary ýerine ýetirýärin. Türkmenistanyň halk bagşysy Nurýagdy Baýramow, Türkmenistanyň halk artisti, professor, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Ýolaman Nurymow ýaly halypalardan köp aýdymlary öwrenip, ilki estrada aýdymlaryny, soňra halk aýdymlaryny aýtdym.
— Teatrda ilkinji ýerine ýetiren keşbiňiz haýsy?
— Ilkinji ýerine ýetiren keşbim enäniň keşbi boldy. Soňra režissýor Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran «Leýli-Mejnun» spektaklynda Leýliniň ejesiniň keşbi, «Şasenem-Garyp» operasynda Şasenemiň ejesiniň, «Durmuş rowaýaty» spektaklynda Aladdiniň ejesiniň, «Arşyn mal alan» spektaklynda Jahanyň, «Nurana şekiller» spektaklynda baş keşbi janlandyrýan oglanyň ejesiniň, «Gel kenara, söwer ýar» spektaklynda Elenoranyň, «Söýgi halas eder» spektaklynda balkanly balykçynyň aýalynyň, «Toýmuza gel, toýmuza» spektaklynda durmuşa çykýan gyzyň ejesiniň, «Durmuş düýş däl» spektaklynda hindi aýalynyň keşbini ýerine ýetirdim.
— Sahna oýnunda oýnamak ýa-da aýdym aýtmak, bularyň siziň ýüregiňize golaýy haýsy?
— Ikisem. Aýdym aýtmaly bolsa-da, sahnada dürli keşpleri janlandyrmaly bolsa-da uly höwes bilen ýerine ýetirýärin. Çünki teatr, aýdym-saz meniň durmuşym. Kiçiligimden sungatyň sallançagynda üwrelip, kämillige ýetdim. Indi altmyş ýyla golaý sungatyň dünýäsinde ýaşaýaryn. Aýdym-saz bilen teatr sungaty özara baglanyşykly. Teatr artisti sungatyň ähli ugurlaryndan baş alyp çykmaly. Diýeli, seniň ýerine ýetirýän keşbiňde aýdym, hüwdi aýtmaly ýeriň bolýar. Sen ony ussatlyk bilen ýerine ýetirmeli. Şu ýerde aýdymçy hökmünde özüm-ä ynanylan keşbi ynam bilen boýnuma alýaryn.
— Özüňize has golaý gören keşbiňiz?
— «Toýmuza gel, toýmuza» spektaklyndaky durmuşa çykjak gyzyň ejesiniň keşbi.
— Siziň maşgalaňyz sungat adamlary. Söhbedimizi maşgalaňyz baradaky gürrüň bilen dowam edäýeliň.
— Hawa, çagalarym, agtyklarym üýşseler, öýde toý märekesi ýaly. Üç gyzym, bir oglum, on agtygym bar. Tüweleme, hemmesem aýdym-sazy gowy görýär.
— Halypa, hormatly at, belent dereje sizi täze üstünliklere ruhlandyrýan bolsa gerek...
— Elbetde. «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň dakylmagy meniň zähmetime, sungatyma goýlan uly sarpa. Geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli beýik işlerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklerini täze eserlerim bilen wasp etmekde yhlas-başarnygymy gaýgyrmaryn. Türkmen medeniýetini, sungatyny dünýäde dabaralandyrýan, döredijiligimize uly sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Ýazgül ANNAÝEWA,
Ussatnews.com.

Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW
Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA
Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen bolan söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Çünki sungata ýüregi bilen berlen adamda saýlap alan käri barada aýdara zat köp bolýar, sungat bolsa uç-gyraksyz täsirli dünýä. Şol täsirler seni özüne bendi edip, duýguly dünýä sary alyp gidýär.

Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew
Halypa artist Anna Meläýew kino we sahna eserlerinde ençeme keşbi döretdi, çeper filmlere ses bermäge gatnaşdy. Ol ýüz keşbi, hereketleri, sözleýiş äheňi bilen sahnada janlandyrýan gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlyklaryny tomaşaça ýetirmäge ussat. Şeýdibem ol milli ýa-da daşary ýurt eserleri bolsun, tomaşaçyny döredýän keşbiniň dünýäsinde ýaşadyp bilýär.

Türkmenistanyň halk artisti Almagül NAZAROWA
Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan aýdymçy zenan, dessançy bagşy Almagül Nazarowa bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW
Hemmemiziň ýadymyzda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragyna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy. Bu ýokary sylaga ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi GARÝAGDYÝEW mynasyp boldy.