Hususy kärhanalaryň işgärleri tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrylýar
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy hususy kärhanalaryň işgärlerini Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçiriljek tölegsiz iňlis dili kurslaryna gatnaşmaga çagyrýar.
Bu kurslar halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak, hem-de degişli ugurlarda işleýän hünärmenlere iňlis dilini kämilleşdirmäge we işlerinde dil päsgelçiligini aradan aýyrmaga ýardam eder.
Okuw barada maglumat:
• Formaty: “offline” görnüşinde intensiw okuwlar.
• Dowamlylygy: 2026-njy ýylyň fewral – noýabr aýlary aralygynda.
• Kurslar tölegsiz.
Kimler gatnaşyp biler:
Häzirki wagtda halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak, we degişli ugurlarda işleýän Türkmenistanyň raýatlary .
Maksatnama gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp kesgitlener.
Okuwa gatnaşmak üçin 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-ne sagat 23:59 çenli aşakdaky link arkaly anketany dolduryp ýüz tutuň: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfjVxoYkSdm-DFftHfHk06gn10b2zAl1OUUbmb_qi4NX3nDVA/viewform?usp=header
Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: elcd.tkm@gmail.com
Aşgabatdan «Ak işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary ýola goýlar
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýörite mugt awtobus gatnawlary guralýar. Bu haýyr-sahawat başlangyjy «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen «Awtomobil ulag hyzmaty» jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
Тестовая запись
Тестовая запись
«TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigi başlandy
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Tälim” okuw merkezi bilen bilelikde guraýan “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.
USAID-ň YDA taslamasy NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýaşlary Türkmenistanda NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan "Kämiran" türkmen kompaniýasy we “Industrial and Operational Support Services” (IOSS) halkara okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
QED Group kompaniýasy bilim merkezlerini hyzmatdaşlyga çagyrýar
QED Group kompaniýasy bilim merkezlerini «English Language Capacity Development Program (ELCD)» / «Iňlis dili öwretmeginiň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu maksatnama ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.