Tölegsiz bildirişler

USAID-ň YDA taslamasy NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/9274/original-1676adff3684f7.jpeg

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýaşlary Türkmenistanda NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan "Kämiran" türkmen kompaniýasy we “Industrial and Operational Support Services” (IOSS) halkara okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

USAID-iň YDA taslamasynyň bu maksatnamasynyň maksady NEBOSH boýunça okuw we halkara hünär sertifikatlaşdyrylyş ulgamyny hem-de tejribesini Türkmenistanda ornaşdyrmakdan ybarat. Bu maksatnama ýaşlara Türkmenistanyň zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünärler boýunça bilim almak we halkara hünär sertifikatyny almak mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

NEBOSH sertifikaty (National Examination Board in Occupational Safety and Health) halkara derejesinde ykrar edilýär we hünär derejelerini ýokarlandyrmak we zähmet karýerasyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. NEBOSH sertifikaty zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy ulgamynda bilimiň we başarnyklaryň ýokary derejededigini güwä geçýär.

Maksatnamanyň çäginde zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy boýunça 10 günlük treningiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Synagdan üstünlikli geçen gatnaşyjylar halkara NEBOSH IGC sertifikatyny alarlar.

Trening 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda “offline” görnüşinde Aşgabatda geçiriler.

Trening halkara akkreditirlenen bilermenler tarapyndan rus dilinde alnyp barylar.

Bu maksatnama orta hünär ýa-da ýokary bilimli we zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy ulgamynda tejribesi bolan 28 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler.

Maksatnama gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp kesgitlener.

Maksatnama gatnaşmak tölegsiz.

Bu maksatnama gatnaşmak üçin 2025-nji ýanwar aýynyň 14-ne sagat 14:00 çenli şu aşakda görkezilen link boýunça anketany dolduryp ýüz tutup bilersiňiz: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSekKsW9efRxoTqRBWmb5RfmJkkU1ZUA24tuj0SH6znp6_lcdg/viewform

Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: hatabayev@q2impact.com

Başga tölegsiz bildirişler
16741bfbe2e848.jpeg
QED Group kompaniýasy bilim merkezlerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

QED Group kompaniýasy bilim merkezlerini «English Language Capacity Development Program (ELCD)» / «Iňlis dili öwretmeginiň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu maksatnama ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.


167285032283d9.png
USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) Türkmenistanda işleýän okuw merkezleri, kadrlar agentlikleri, konsalting kompaniýalary we beýleki kompaniýalary hem-de guramalary “TechYouth Bootcamp” maksatnamasyny Aşgabatda we welaýatlarda bilelikde amala aşyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga çagyrýar.


1667d43c154277.png
USAID-iň YDA Taslamasy iş berijileri Türkmenabatdaky «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň iş orunlar ýarmarkasyna çagyrýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) «Tälim» okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabat tapgyrynyň iş orunlar ýarmarkasyny geçirýändigi we gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iş berijilerden ýüztutmalaryň kabul edilişigi barada yglan edýär. Çäre 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 6-da sagat 11.00-da Türkmenabat şäherindäki «Tälim» okuw merkezinde geçiriler.

16665be5422903.jpeg
USAID-iň YDA Taslamasy “Startup Bootcamp” maksatnamasynyň başlanýandygy yglan edýär

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Startup Bootcamp” maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýärler.


16660914c52a94.png
USAID-iň YDA Taslamasy halkara hünär sertifikasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän kompaniýalary we guramalary çagyrýar.

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) Türkmenistanda halkara hünär sertifikasiýasyny geçirmek ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän ýerli kompaniýalary we guramalary çagyrýar.