Habarlar

Ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny artdyrmaga bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/12130/original-1698f58bb3d96b.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga we olaryň hukuk taýdan bilimini pugtalandyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä mugallymlar, talyp ýaşlar, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara berýän öwüt-ündewleriniň jemgyýetimiziň ösüşindäki orny aýratyn bellenildi.

Çäräniň esasy maksady ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemegini goldamak hem-de hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, döwletlilik ýörelgelerini wagyz etmek ýaly möhüm meseleler boýunça düşündiriş işleri alnyp baryldy.

Bu görnüşli duşuşyklar ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, olaryň jogapkärçilik duýgusynyň artmagyna hem-de geljekde ýurdumyza mynasyp hyzmat etjek hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýär.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.