Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar
2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen "IWISE Global Final 2026" halkara bäsleşigi türkmen mekdep okuwçylarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy. Dünýäniň 400-den gowrak zehinli ýaşlarynyň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde ýurdumyzyň toparlary jemi 12 sany medal (2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç) eýelemegi başardylar.
Bäsleşigiň iň ýokary baýragyna — Altyn medala şu okuwçylar mynasyp boldular:
• Selim Begmyradow (Aşgabat ş., 7-nji orta mekdep)
• Abdyljelil Patyşagulyýew (Aşgabat ş., 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdep)
Bu zehinli ýaşlar "Line Follower" ugry boýunça görkezen ýokary netijeleri üçin diňe bir altyn medal bilen çäklenmän, eýsem tutuş bäsleşigiň "IŇ GOWY TOPARY" diýlip yglan edildi we olara ýörite baýrak gowşuryldy.
Bulardan başga-da, mekdep okuwçylarymyzyň birnäçesi öz ugurlary boýunça ýokary ussatlyk görkezdiler:
• Kümüş medallar (6 sany): Abdullah Annaýew ("Line Follower"), Muhammedkasym Annaýew ("Mini Sumo"), Saranur Annaýewa, Polat Saparow, Bilalkerem Berdiýew we Aýsenem Akmyradowa.
• Bürünç medallar (4 sany): Ebubekir Berdiýew ("Line Follower"), Muhammedulemin Annaýew ("Maze/Labirint"), Rahman Garrygulow we Gurbanmuhammet Magtymgulyýew.
Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň 6-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Muhammedulemin Annaýew Eminleriň ýörite baýragyna mynasyp görüldi.
Halkara ýaryşda uly üstünlikleri gazanan Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robot tehnikasy boýunça gurnagynyň hem-de “Kämil bilim” okuw merkeziniň bu zehinli agzalaryna tejribeli mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow ýolbaşçylyk etdi.
"Bu ýeňiş diňe bir mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň tehnologiýa dünýäsinde uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn!" – diýip, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.