Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2026-njy ýylyň 23-nji fewraly – 8-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
- soňky okuw ýa-da iş ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
- Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama;
- dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ilkinji 2 sahypasynyň nusgasy (pasportyň möhleti isleg bildirilýän okuw maksatnamasy başlanandan soň azyndan 6 aý hereket etmelidir);
- şahsy pasportynyň nusgasy;
- raýatyň adynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamanyň (bar bolsa) göçürmesi we tassyklanan terjimesi;
- bakalawr maksatnamasyna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
- magistr maksatnamasyna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler GMAT (Graduate Management Admission Test), GRE (Graduate Record Exam) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
- ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşandygyny tassyklaýan degişli resminamanyň hem-de ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen okuw şahadatnamalarynyň asyl nusgasy (bar bolsa) we tassyklanan terjimesi;
- umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Eger
dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, şahsy jiltiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan göçürmesi.
Bilim hakyndaky resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa, onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar;
- diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Rumyniýanyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);
— rumyn dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da rumyn dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);
— terjimehal (CV) iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler:
- Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny, (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty tabşyrylýar).
Resminamalaryň terjimeleri iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilleriniň birinde berilmelidir.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Resminamalaryny tabşyran dalaşgärler bilen 2026-njy ýylyň 11-12-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169,
tel.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25
elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.