Habarlar

SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

https://ussatnews.com/storage/posts/12745/original-16a06c2eb20931.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri gatnaşdylar. Ýygnakda Türkmenistanyň Mejlisiniň, hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sagdyn durmuşy dabaralandyrmakda möhüm işler durmuşa geçirilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi işjeň häsiýete eýe bolýar, sport ulgamynda uly ösüşler gazanylýar we belent sepgitler eýelenýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda sagdyn durmuşa eýermek, sport bilen meşgullanmak halk köpçüliginiň arasynda uly goldaw tapýar. Berkarar döwletimizde ähli ýaşdaky adamlar bedenterbiýe hereketine işjeň goşulyşýarlar. Ýurdumyzyň sebitlerinde sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň we çagalaryň sany barha artýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredilen amatly şertler türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine mümkinçilik berýär.

Çärede çykyş edenleriň aýratyn nygtaýşy ýaly, bu günki gün Türkmenistan sagdyn ýaşaýşyň, sagdyn ösüşiň, sport dünýäsinde uly üstünlikleriň gazanylýan ýurduna öwrüldi.

Başga habarlar
16a8574bbc3626.jpeg
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar.


16a856ff73461a.jpeg
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.


16a8487f6d3e1b.jpeg
Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi

Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.

16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.