1-nji iýun - çagalary goramagyň halkara güni
Her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda giňden bellenilip geçilýär. Bu iň gadymy halkara baýramçylyk bolup, ony ilkinji gezek 1925-nji ýylda çagalaryň abadançylygyna bagyşlanan Bütindünýä konferensiýasynda kabul edilýär. Çagalar güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda geçirilýär. Çagalaryň meselelerine köpçüligiň ünsüni çekmek, bu halkara gününiň esasy maksady bolup durýar.
Çagalaryň ähli hukuklary we azatlyklary bolsa, 1959-njy ýylda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Çaga Hukuklary Jarnamasynda öz beýanyny tapýar. Jarnama jemgyýetiniň gelip çykyşyna, milletine, emläk ýagdaýyna, derisiniň reňkine garamazdan, ähli babatda çagalaryň deň hukuklaryny yglan edýär.
Bütin dünýäde çagalaryň durmuşyny gowulaşdyrmaga gönükdirilen dürli çäreleri amala aşyrýan haýyr-sahawat fondlary hereket edýär. Ýalňyz çagalara kömek etmek üçin serişdeleriň ýygnalmagyna bu fond gözegçilik edýär.
Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda hem giň geremde bellenilýär. Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne buýsanyp ýaşaýan bagtly çagalaryň ülkesi. Biziň ýurdumyzda çagalar üçin uly mümkinçilikler döredilýär, ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Goý, eziz ýurdumyzda çagalaryň gülki sesleri belenden-belent ýaňlansyn!
Döwletgeldi ATAJYKOW,
Gubadag etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň okuwçysy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.