Makalalar

Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

https://ussatnews.com/storage/posts/11156/original-168c671426ffbc.jpeg

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmenistanlylaryň durmuş derejesini we hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

Şol maksatnamanyň çäklerinde paýtagtymyzda şäheriň ilaty üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen giň gerimli şähergurluşyk meýilnamasy işjeň amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn özgerýär. Şäherde täze ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly desgalar, awtomobil ýollary we seýilgähler gurulýar. Köp sanly suw çüwdürimleri bolan seýilgählerdir seýilbaglaryň içinde gür baglyga bürenen Aşgabadyň gözelligi dünýäniň ýaşamak üçin iň owadan we amatly şäherleriniň birine öwrülmegine sebäp boldy. Bu hakykat Türkmenistanyň ajaýyp üstünlikleriniň we gazananlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi.

Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga uly möçberde serişde goýberilýär, onuň çäkleri bolsa yzygiderli giňelýär. Şäherde köp sanly durmuş maksatly desgalar: ýokary we orta okuw mekdepleri, saglygy goraýyş edaralary, çagalar baglary, sport toplumlary, söwda merkezleri, ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar gurulýar. Olaryň taslamalary işlenip düzülende we gurlanda durmuş derejesiniň ýokary ölçegleriniň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär, bu bolsa, her bir türkmenistanlynyň Arkadagly Gahryman Prezidentimize, Milli Liderimize bolan buýsançlaryny has-da belende göterýär.

Bu gün ak mermerli Aşgabady binagärlik toplumlarynyň ençemesi bezeýär. Hususan-da, şäher ilatynyň we myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, umumy meýdany 50 gektara deň bolan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» seýilgähiniň durky täzelenilýär. Şol işiň çäklerinde ýerüsti pyýada geçelgeleri, welosiped ýodalary, dynç alyş telärleri şeýle hem döwrebap yşyklandyryş ulgamy gurulýar. Seýilgähiň çäklerinde bag ekmek işleri hem işjeň alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň teklipleri esasynda paýtagtymyzda belent ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde kottejler hem gurulýar, bu bolsa, raýatlarymyz üçin ýaşaýyş jaýyny saýlap almak mümkinçiligini artdyrýar.

Aşgabat sazlaşykly ösýän şäheriň täsin nusgasynyň aýdyň beýany bolup durýar. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy paýtagtymyzyň aýratyn bezegine öwrülip, onuň düzümine Merkezi Aziýada iň beýik monumentleriň biri — şahyryň 60 metre barabar bolan ýadygärligi girýär. Dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň 24 sany heýkellerini özünde jemleýän toplum beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň hormatyna Arkadagly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy.

Türkmenistanyň we dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar bu gün gözel Aşgabadyň owadanlygyna guwanýar, baş şäherimiz seýilgähleri, seýilbaglary we dürli reňkli gülleriň aýmançalary bilen gözüňi dokundyrýar. Özboluşly yşyklandyryş bezegi, köçeleriň arassalygy we tämizligi şäheriň ýaşaýjylary üçin hem, daşary ýurtly adamlar üçin hem myhmansöýerlik ruhuny döredýär.

Paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan şähergurluşyk syýasatynyň aýdyň beýany bolup durýar. Halkymyzyň abadançylygyna, onuň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we iň gowy durmuş şertlerini döretmek baradaky alada gönükdirilen şol taslamalar Türkmenistanyň gazananlarynyň we «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýan syýasaty amala aşyrmakda ýetilýän sepgitleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory. 

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.