Taryhda we edebi ýazgylarda Ahalteke bedewiniň tarypy
Halkymyzyň buýsanjy we milli gymmatlygy höküminde ruhy dünýämize egsilmez güýç paýlap gelen ahalteke bedewleri hakyndaky ýazgylar uzak asyrlaryň dowamynda döredilen taryhy çeşmelerde we edebi nusgalarda aýdyň beýanyny tapyp gelipdir.
Türkmenistanyň çäginde azyndan V müň ýyl öň atyň eldekileşdirilenligi taryhçylar, arheologlar tarapyndan tassyklanyldy. Eldekileşdirilen atyň ilkinji we iň gadymy wagt bilen seneleşdirilýän şekili Garadepeden tapylýar. Altyndepeden b.e. öň III müň ýyllyga degişli gatlaklaryndan tapylan atyň heýkelleri, Goňurdepeden tapylan taý süňkleri şol döwürde bedewiň öýdekileşdirilendigine şaýatlyk edýär. Bu tapyndy merkezi Aziýada atyň eldekileşdirilmeginiň iň irki subutnamasydyr. Goňurdepeden tapylan jaýlanan taýçanak ahalteke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri atyň kellesi görnüşdäki heýkel ýaly tapyndylar W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, b.e. öň III-II müňýyllyklaryň sepgidinde atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär.
Miladydan öňki V asyrda ýaşap geçen gadymy Grek taryhçysy Gerodotyň maglumatlarynda ahalteke atlarynyň ata-babalary “Nusaý atlary”, “Uçmaga ukyply atlar” diýlip atlandyrylypdyr. Aleksandr Makedonskiniň tabşyrygy bilen ýazylan “Isgenderiň bedewnamasy” atly eserde, Parfiýa çeşmelerinde, Oguz-Orhon ýazgylarynda, alym hem şahyr Omar Haýýamyň “Nowruznama” eserinde, XVI asyrda ýaşan Abulgazynyň “Oguznama” poemasynda, “Görogly” şadessanynyň bütin dowamynda türkmen atlary, olaryň taryhy, türkmen ýigitleri tarapyndan nähili söýgä mynasyp bolandygy aýdyň duýulýar. Bedew atyň ýigidiň durmuşynda zerurlygy barada beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem:
Ýigidiň dünýäde üçdür myrady,
Mahbup gerek, ýarag gerek, at gerek – diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewi ‒ biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler” ýaly ajaýyp kitaplary, ahalteke bedewiniň baýramçylygynyň her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabara bilen bellenilmegi, «Ýylyň iň owadan bedewi» diýen şöhratly ada mynasyp bolmak ugrunda «Gözellik» bäsleşikleriniň, Halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi türkmen ruhunyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlere goýulýan sarpadan nyşandyr.
Behişdi Bedewlerimiziň hak Howandary Mähribam Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! Türkmen bedewiniň taryhy köklerini açyp görkezmekde we türkmen bedewini dünýä ýüzüne tanatmakda bitirýän beýik işleri dowamat-dowam bolsun!
Gülnabat SAPAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.