«Çemmerli» gaz käninde täze senagat gaz akymy alyndy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi pudagyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär edýär.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde-de ýokary sepgitlere ýetilýär. Şunda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine we ýerine ýetirilýän işleriň ylmy esasda bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Çemmerli» gaz känini özleşdirmegiň çäginde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňluga burawlanyp, onuň 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralygyndan synag işleriniň netijesinde bir gije-gündizde senagat ähmiýetli 150 — 200 müň kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy.
Munuň özi «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginde işleriň döwrebap derejede alnyp barylýandygynyň, onuň tehnologiýalarynyň häzirki zaman usullary esasynda kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Bu bolsa Gahryman Arkadymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýäniň ösen tejribesini netijeli özleşdirmek boýunça kesgitlän wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.
Merkezi Garagum gazly künjeginde ýerleşýän «Çemmerli» käninde tebigy gazyň täze akymynyň alynmagy pudagyň işgärleriniň we hünärmenleriniň Garaşsyzlyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamak ugrundaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda nebitiň we gazyň täze ýataklarynyň ýüze çykarylmagy hem-de özleşdirilmegi bilen, bu gymmatly önümleriň goşmaça möçberi alynýar.
Munuň özi Türkmenistanyň tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek arkaly energiýa serişdelerini iri eksport ediji döwlet hökmündäki derejesini we onuň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýangyç-energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
23-nji noýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy
18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi
16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.