OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
Maslahatyň maksatnamasynyň çäklerinde Galkynyş känini özleşdirmek, TOPH gaz geçirijisini gurmak, Hazar deňziniň kenarýaka zolagyny ösdürmek mümkinçilikleri, gazy gaýtadan işlemek we nebithimiýa meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň energetika boýunça ileri tutulýan ugurlarynyň halkara maýa goýumlary, tehnologiýalar we inženerçilik tejribesi bilen utgaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşylar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, islegiň ýokary bolmagy sebäpli maslahata gatnaşmak üçin hasaba durmagyň möhleti 15-nji oktýabra çenli uzaldyldy. B2B duşuşyklaryny geçirmek üçin arza bermegiň ahyrky möhleti hem 15-nji oktýabrda tamamlanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.