Habarlar

Dünýä bazarlarynda ýokary hilli Türkmen polietileni uly islege eýe boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/142/original-15f97e43adcfe8.jpeg

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) Gyýanlydaky polimer zawodynyň öndürýän polietileniniň satuwlary ep-esli artdy.

Energetika we haryt-çig mal bazarlaryny beýan edýän «ARGUS MEDIA» halkara garaşsyz agentliginiň habar berşi ýaly, şu ýylyň sekiz aýynda TDHÇMB-de polietileniň 128,5 müň tonnasy satyldy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 93,3 müň tonna köpdür. Şeýlelikde, Hytaýa, Türkiýä, Russiýa we beýleki ýurtlara eksport edilýän bu önüme bolan isleg 3,7 essä golaý artdy.

«ICIS» dünýä analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, awgust aýynda Türkmenistan pes basyşly polietileni Türkiýä iberýän üç sany esasy döwletleriň hataryna girdi. Türkiýäniň bazaryna bu polimer materialyň 7 müň tonna golaýy ugradyldy. Ýeri gelende aýtsak, ýokary dykyzlykdaky polietileniň uly tapgyrlary sentýabr we oktýabr aýlarynda dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy, şol sanda Türkiýä, Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana, Günorta-Gündogar Aziýanyň, şeýle hem GDA-nyň ýurtlaryna ugradyldy.

Dünýä ykdysadyýetinde koronawirusyň pandemiýasy bilen şertlendirilen çylşyrymly ýagdaý zerarly maşyngurluşyk, awtomobil, elektron we elektrotehnika, dokma pudaklarynda, himiýa we gurluşyk senagatynda plastmassa bolan islegiň peselendigini bellemek gerek. Şol bir wagtda saglygy goraýyş, azyk senagaty we söwda ulgamlarynda bolsa polimer önümlerine bolan isleg ýokarlandy. Polietilen we polipropilen gaplaýyş materiallaryny — çüýşeleri, gapaklary, bir gezek ulanylýan polietilen önüm haltalaryny, şeýle hem lukmançylyk örtüklerini, bahilleri, halatlary we beýlekileri öndürmek üçin ulanylýar.

Ussat news

Başga habarlar
16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.

16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.