Makalalar

Arkadag

https://ussatnews.com/storage/posts/1451/original-160db2a4f7ce5e.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji, oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçiriji, gadymy türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüň hakyky manysynda watançy Şahsyýetiň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýär. Öz dogduk Diýaryna çäksiz söýgi, onuň gadymy, baý taryhyna we medeniýetine inçeden beletligi hem-de çuňňur hormaty, öz halkyna gurujy we dörediji halk hökmünde ynamy, her güni altyn harplar bilen ýazylýan döwletiň taryhyna janköýerlik duýgusy, ýurduň geljegine bolan ägirt uly jogapkärçiligi milli Liderimiziň eziz Watanyna we mähriban halkyna belent sarpasyny we wepadarlyk, jany-teni bilen berlenlik gatnaşygyny şöhlelendirýär.

Hormatly Prezidentimiz «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşlik mahalynda: «Türkmenistan jemi içerki önüminiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy» diýen sözlerini diňläniňde, şeýle ösüşleri gazanýan ýurduň raýatydygyňa tüýs ýürekden buýsanýarsyň hem-de bu üstünlikleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri kalbyňy joşdurýar. Dünýäde emele gelen ykdysady durnuksyzlyga garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim derejede üpjün edildi.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň strategik pudagy — ýangyç-energetika toplumy düýpli özgertmeleri başdan geçirýär. Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana uzalyp gidýän gaz geçirijileri guruldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Energiýa çig malyndan başga-da Türkmenistan halkara bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa benzini we dizel ýangyjyny, motor ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy hem-de beýleki ýangyç-çalgy serişdelerini, elektrik energiýasyny ugradýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek ýylynyň oňat ýylbaşy alamatlary boldy.

Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmäge, iki iri energetika döwletiniň ägirt uly mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar.

Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu babatda işleriň depginini artdyrmak üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň we HHR-niň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşyga we «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Hytaýyň Döwlet ösüş banky (HDÖB) we «PetroChina» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan karz ylalaşyklaryna laýyklykda, çekilen ABŞ-nyň 8,1 milliard dollary möçberindäki karz serişdeleri häzirki wagtda doly gaýtaryldy. Munuň özi, birinjiden, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanadandygyny, ikinjiden bolsa, indiden beýläk geljek girdejiniň halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň gülläp ösüşine gönükdiriljekdigini aňladýar.

Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri hem onuň durmuş ulgamyny nazarlaýandygy, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. 2020-nji ýylda ýurdumyzda umumy meýdany 2 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi döwlet syýasatynda adam baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar.

Geçen ýylda ýurdumyzda umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desganyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetiň maddy binýadynyň gün-günden berkeýändigini tassyklady. Täze kärhanalaryň, goý, ol önümçilik ýa-da durmuş maksatly bolsun, tapawudy ýok, işe girizilmegi diňe bir sarp edijiler üçin zerur bolan önümleriň öndüriljekdigini ýa-da dürli hyzmatlaryň ýerine ýetiriljekdigini aňlatman, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ygtybarly çeşmesi bolup durýandygy bilen hem ähmiýetlidir.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylyň oktýabrynda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň we Estetiki merkeziň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylmagy bilen, hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine badalga berlendigini aýratyn bellemek gerek. Soňra «Sanasaň, sogaby bar» diýlişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň, onuň yzysüre bolsa, Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Ýurdumyzyň baş şäheriniň gözel künjeginde bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi bolsa, medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine ajaýyp toý sowgady boldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy we täze şäheriň — Aşgabat-sitiniň gurluşygyna badalga berilmegi şeýle tutumlaryň ykdysady taýdan kuwwatly we geljegi uly döwlete başardýandygyny dünýä jemgyýetçiligine aýan etdi. Ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy bolsa munuň ýene-de bir gezek tassyklamasy boldy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär.

Şu ýerde ýene-de bir hakykaty belläp geçmek ýerlikli bolardy. Öňler, esasan, agrar ýurt hasaplanylan Türkmenistan üçin ýurdumyzyň ykdysadyýetini çig mala baglylykdan gaýtadan işleýän pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagatyň täze, ýagny gazhimiýa, elektron ugurlaryny döretmeklige ugur alnanda, munuň özi, iň bolmanda, ýakyn geljekde başa barmajak iş bolup göründi. Emma milli Liderimiziň şahsy göreldesi, öňdengörüjilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk häsiýetleri ýokarda ady tutulan innowasion tehnologiýaly önümçilikleriň gysga möhletlerde döremegine we ýurdumyzyň dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän harytlar bilen öz ornuny tapmagyna getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmagyň hötdesinden gelýän türkmen işewürleriniň hojalykda we durmuşda ulanylýan tehnikalardan başlap, kompýuterlere çenli enjamlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirmegi begenjiňi goşalandyrýar. Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine her okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara sowgat berilýän kompýuterleriň Türkmenistan döwletimizde öndürilmegi örän guwandyryjydyr. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän türkmeniň gadymdan gelýän gurmak, döretmek ýolunyň aýdyň miweleridir.

Şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanda Halk Maslahatynyň — türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. 14-nji aprelde bolsa indi Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň ilkinji bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Kanun çykaryjy edaranyň iki palataly düzüme geçirilmegi Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynda örän möhüm wakadyr. Munuň özi, bir tarapdan, ýurduň içindäki durnuklylygy, döwlet-jemgyýet arabaglanyşygyny güýçlendirmäge, ikinji tarapdan bolsa, durmuşymyzyň ähli taraplaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ýardam eder.

Geçen ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy ýatdan çykmajak dabaralara beslendi. Bu hukuk derejesi Türkmenistana özboluşly daşary syýasat ugruny alyp barmaga mümkinçilik berýär. Türkmen Bitaraplygynyň sebitde örän möhüm durnuklaşdyryjy ähmiýete eýedigini Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň agza ýurtlary hem belleýärler. Şu döwrüň dowamynda Türkmen Lideri tarapyndan sebit derejesinde hem, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça yzygiderli öňe sürülýän parahatçylyk dörediji başlangyçlar hem-de teklipler döwlet Baştutanymyza belent abraý getirdi. Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygy pugtalandyrýan, durnukly ösüşe ägirt uly goşant goşýan döwlet hökmünde halkara derejesinde giňden ykrar edildi.

Özygtyýarly döwletiň Lideri hökmünde halkymyz tarapyndan üstüne ýüklenen ägirt uly borçlara hem-de jogapkärçilige düşünmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek üçin ähli şertleri döretmegi, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy öz baş maksady edip goýýar. Bu syýasat türkmen topragyny özgerdýär, adamlaryň ertirki güne bolan ynamyny berkidýär, Watanymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin olara güýç-kuwwat berýär.

Bu gün döwlet Baştutanymyz her bir möhüm, uly we ähmiýetli işiň başynda durup, halkymyzy asylly maksatlaryň bähbidine beýik işlere ruhlandyrýar. Hut şonuň üçin-de milli Liderimiz türkmen döwletliliginiň hakyky daýanjyna — milletiň Arkadagyna öwrüldi.

Paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Arkadag» binasy öz milli Lideri bilen halkyň jebisliginiň nyşany bolup, ol watançylyk, öz ýurduňa we milli Lideriňe buýsanç ýaly ynsanyň belent duýgularyny oýarýar. Bu biziň agzybir, abadan, bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanymyzyň şu günki keşbidir. Ajaýyp bedewe atlanan Gahryman Arkadagymyz bolsa, ýeneki ösüşlere tarap batly gadam urýar, ýurdumyzyň çar künjeginde «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen aýdymynyň belent senasy ýaňlanýar. Şeýdip

Hakyň nazary düşen ýurtda halkyň milli Liderine ylahy söýgüsi bilen türkmeniň şu günki öçmejek taryhy ýazylýar.

Oraznazar HEŞDEKOW,

USSAT NEWS.

Ussat news

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.