Çig mala baý Akbulak

— Ýurdumyzyň Köýtendag sebiti baýlyklara baýdyr. Milli Liderimiz şol baýlyklary ýurdumyzyň ösüşleriniň hyzmatyna goýmak maksady bilen anyk wezipeleri kesgitledi. Öňden bellenilenleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ýerli çig mallara daýanýan kuwwatly önümçilik kärhanalary gurulýar. Bu möhüm işe biziň hünärmenlerimiz işjeň hem-de netijeli gatnaşýarlar.
Biziň söhbetdeşimiz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň baş geology Şanazar Anarow. Onuň bilen gürrüňdeş bolmagymyza bolsa şu ýylyň 11-nji iýunynda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada berlen hasabat sebäp boldy. Şol hasabatda sement zawodlarynda beýleki aktiw mineral goşundy bilen birlikde opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiliginiň ýola goýlandygy we bu çig malyň gorlarynyň Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynda bardygy we mineral daşlarynyň fiziki we himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sementi öndürmäge mümkinçilik berýändigi habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, Köýtendagyň eteginde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde 2013-nji ýylda «Lebap» sement zawody işe girizildi. Kuwwatly kärhana üçin ýerli çig mal ýataklaryny agtaryp tapmak, olaryň gorlaryna baha bermek we jikme-jik barlag geçirmek işlerini ady agzalan edaranyň hünärmenleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Şonuň netijesinde sement önümçiligi üçin zerur bolan toýun Bäşhatyn, hek daşy Garajumalak, kwars çägesi bolsa Akgum ýataklaryndan gazylyp alynýar. Şanazar Anarow bu çig mallaryň uly möçberli gorlarynyň bardygyny, onuň bolsa geljekde sement önümçiligini has giňeltmäge hem oňaýly şertleri döredýändigini sözüniň üstüne goşýar.
Akbulak meýdançasy Magdanly şäheriniň 40 kilometre golaý günorta-günbatarynda ýerleşmek bilen, opoka diýlip atlandyrylýan gaty we ýeňil dag jisiminiň gorlaryna baýdygy bilen tapawutlanýar. Baýlyk agtaryjylar tarapyndan bu meýdançada 2011-nji ýylda baha kesiş işleri ýerine ýetirilipdi. Şonuň netijesinde bu dag jisiminiň meýdançada ortaça galyňlygynyň 1,5 metre barabardygy anyklanyldy. Sement zawodynyň laboratoriýasynda geçirilen barlaglar bolsa aktiw mineral goşundy bilen birlikde opoka çig maly goşulanda sementiň hiliniň ýokarlanýandygyny subut etdi. Bu bolsa eýýäm kärhanada öndürilýän önümleriň hil görkezijileriniň ýokarlanjakdygyndan, ahyrky netijede bolsa, şeýle görnüşli sementi peýdalanmak arkaly gurulýan binalaryň has berk boljakdygyndan habar berýär.
— Bu sebitde bolsa Akbulak ýaly gymmatly çig mallara baý meýdançalar az däl. Biz geljekde olarda degişli işleri geçirip, Watanymyzyň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşarys — diýip, Ş.Anarow ynam bilen aýdýar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
USSAT NEWS.


Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.