Makalalar

Nebit we gazhimiýa pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenler — döwrüň talaby

https://ussatnews.com/storage/posts/1498/original-160e60639cc5e0.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny halkymyz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary hem ýokary ruhubelentlikde garşylaýarlar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary ýurdumyzyň nebitgazhimiýa pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine halal zähmeti bilen mynasyp goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň düzümine girýän ýokary, orta hünärment okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw merkeziniň ylmy binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Häzirki zaman ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň binýatlyk ýörelgelerine daýanmak bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti okuw we ylmy-amaly işleriň wajyp wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň döwletli çözgüdi bilen ýurdumyzda uglewodorod baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemeklige uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz: «Häzirki döwürde biz tebigy baýlyklarymyzdan global ähmiýetli bolan gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat infrastrukturasyny döretmek bilen, ýurduň bu babatdaky ykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitlerine gönükdirmek isleýäris» diýip belleýär. Milli Liderimiziň bu ugurdaky syýasaty uglewodorod baýlyklarymyzy gymmatly himiki çig mal hökmünde ulanyp, dürli önümleri öndürmeklige, nebitgazhimiýa pudaklaryny ösdürmeklige, öz işini oňat bilýän, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamaklyga gönükdirilendir.

Soňky döwürde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň gerimi we mazmuny düýpgöter üýtgedi. Üç ölçegli seýsmiki barlaglar, guýulary gazmagyň täze tehnologiýalary, şeýle hem nebiti we gazy senagat esasynda çykarmagyň tejribesi giňden ulanylýar. Işe girizilen döwrebap nebitgazhimiýa kärhanalary nebitgaz pudagynyň senagatlaşmagynda ähmiýetli orny eýeläp, durmuş-ykdysady ulgamlardaky ösüşleri yzygiderli kämilleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Muňa ösen tehnologiýalarda işledilýän «Garabogazkarbamid», Gyýanlynyň polimer we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodlar aýdyň mysal bolup biler.

Uniwersitetde nebitgaz pudagynyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin düýpli nazaryýet bilimlerine we iş tejribesine eýe bolan, çylşyrymly önümçilik wezipelerini çözmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaklyga ylmy esasda toplumlaýyn çemeleşilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen iri senagat toplumlarynyň we kärhanalarynyň ýokary depginlerde gurlup, ulanylmaga berilýändigini nazara alyp, uniwersitetiň okuw meýilnamalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek maksady bilen Gyýanlydaky polimer kärhanasynda, «Garabogazkarbamid» zawodynda, Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda hem-de Garlyk kaliý dag-magdan toplumynda ulanylýan enjamlardyr täze tehnologiýalaryň esaslaryny öwrenmeklige degişli dersler okuw meýilnamalaryna girizilip, olaryň okuw maksatnamalary täzeden işlenip düzüldi. Şeýle hem sintetik benzin öndürýän zawodda ulanylýan tehnologiýalar bilen baglylykda, «Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy» hünärinde nebiti gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy hem-de uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy boýunça talyplara döwrebap bilim berlip başlandy.

Sazlaşykly ösýän nebitgaz toplumy üçin inženerleri taýýarlamakda uly tejribe toplan uniwersitetde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, talyplara döwrebap usullary we tehnologiýalary ulanyp, bilim bermek, ylma ugrukdyrmak işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary we nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag, taslama institutlary hem-de önümçiligi bilen sazlaşykly utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Ýokary okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns bermegi netijesinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze basgançagyna çykyldy. Bu ýerde döredilen tehniki hem maglumat enjamlar binýady okuw we terbiýeçilik işlerini, netijeli ylmy barlaglary ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär.

Alym Arkadagymyzyň tabşyrygy esasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy boýunça alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Ylmy-barlag we okuw merkezi döredildi. Merkezde aspirantlar, alymlyk derejesine dalaşgärlerdir ýaş mugallymlar tarapyndan ylmyň hem-de tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag we okuw işleri alnyp barylýar. Şeýle hem uniwersitetde ylmy derejeli alymlaryň, talyplaryň nebitgazhimiýa pudaklary boýunça ýerine ýetiren ylmy işleriniň netijeleri, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipler taýýarlanylýar.

Guralýan sapaklaryň mazmuny çuňlaşdyryldy, medeniýeti ýokarlandyryldy. Okuw kitaplarynyň gory elektron göterijilerde yzygiderli artdyrylýar. Ykdysadyýetiň talaplaryna, nebitgaz pudagynda çözülýän wezipelere hem-de dünýäniň ylmy-inženerçilik tejribesine laýyklykda, dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylýandygy bilen baglylykda ony kemala getirjek döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan inžener-tehniki işgärleriň döredijilikli işleriniň zerurlygy ýüze çykýar we bu iş olaryň ylmy-döredijilik ukybynyň düýpgöter ýokarlandyrylmagyny talap edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryna laýyklykda, uniwersitetde taýýarlanylýan «Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy» hünäriniň talyplary önümçilik tejribeliklerini Gyýanlydaky polimer we Ahaldaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawodlarda yzygiderli geçýärler. Şeýle hem talyplar uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen, täze önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny awtomatlaşdyrmak we tehniki-ykdysady görkezijilerini hasaplamak ýaly temalar boýunça diplom taslamalaryny ýerine ýetirýärler. Bu bolsa talyplaryň — geljekki hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň zerur bolan iş endiklerine eýe bolmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Geljekde Diýarymyzyň her welaýatynda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürmek boýunça toplumlary gurmagy maksat edinýäris» diýip, belläp geçdi. Bu bellenen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginini tizleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýan önümçilik desgalarynda, zawodlarda we tehnologik toplumlarda zähmet çekmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin uniwersitetde döwrebap täze hünärler yzygiderli açylýar. Bu ýerde taýýarlanylýan inžener-tehniki hünärmenleriň täze nesli Diýarymyzyň ykdysadyýetini, şol sanda nebitgaz pudagyny has-da döwrebaplaşdyryp, senagat pudaklaryna daýanýan ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä göterip, ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna çykarmaga öz goşandyny goşýarlar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2013-nji ýylyň 25-nji iýulynda Halkara uniwersitetler birleşiginiň agzalygyna kabul edildi we Ýewropa Biznes-Assambleýasynyň Sokrat komiteti (Europe Business Assembly, Ohford, UK) tarapyndan «Ýewropa hili» halkara baýragy bilen sylaglanyldy. Uniwersitet 2013-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň goldaw bermeginde esaslandyrylan Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň (IAU) agzasy bolup durýar.

Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda, şeýle-de ylym we bilim ulgamynda gazanan uly üstünlikleri üçin uniwersitet «SEIN Assosiasiýasynyň altyn medaly» halkara bäsleşiginiň altyn medalyna, nyşanyna hem-de diplomyna mynasyp boldy.

Uniwersitetde döredilen ýaş alymlaryň geňeşi işjeň hereket edýär. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary abraýly halkara bäsleşikleriniň, şeýle hem ýurdumyzda ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň we innowasion işläp düzmeleriň bäsleşikleriniň ýeňijileri bolmagy başarýarlar.

— Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işjeň syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy häzirki zaman dünýä tejribesiniň we milli däpleriň esaslarynda ösdürilýär. Munuň şeýledigine uniwersitetimizde döredilen şertler, ornaşdyrylan tehniki we sanly serişdeler, Maglumat tehnologiýa merkezi, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw tejribehanalary, içki lokal tory we «Sanly bilim» portaly, elektron resminama dolanyşygy hem-de internet web-saýty aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede alyp barmaga, ylmy-barlag işlerinde netijeliligi gazanmaga, sanly bilim ulgamyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, dünýä derejesinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik döredýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary bilimli hünärmenleri, bakalawrlary we magistrleri taýýarlamak, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulmak, dünýäniň köp ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleri, halkara guramalary bilen ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işleri yzygiderli alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda nebitgaz toplumyny we uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän senagaty ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, täze okuw ýylyndan başlap, «Nebitgaz pudagynyň işgärlerini dolandyrmak» taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlary, «Uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy» ugry boýunça magistrleri taýýarlamak üçin talyplary okuwa kabul etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen, uniwersitetimiziň halkara gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi bilen baglaşylan halkara hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyklaryň, Ähtnamalaryň çäklerinde Malaýziýanyň Petronas tehnologik uniwersitetiniň we Germaniýanyň Swikau Günbatarsakson ýokary okuw mekdebi — Amaly ylymlar uniwersitetiniň professorlar-mugallymlary tarapyndan nebitgazhimiýa pudaklary hem-de sanly ykdysadyýet boýunça uniwersitetimiziň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň gatnaşmagynda onlaýn sapaklary yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa häzirki döwürde okuw-terbiýeçilik işleriniň barha ösýän talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak üçin professor-mugallymlaryň hünär derejesiniň kämilleşmegine, özara tejribe alyşmagyna oňaýly täsir edýär. Şeýle-de uniwersitetimiziň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň geçirilýän halkara maslahatlara yzygiderli gatnaşmagy we çykyşlarynyň guralmagy tejribe alyşmagyň özboluşly mekdebi bolup hyzmat edýär — diýip, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory Baýrammyrat Atamanow buýsanç bilen aýdýar.

Ussa USSAÝEW,

ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Ussat news

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.