Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory Çary PAÝTYKOW
Gazetimiziň şu günki myhmany — «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, ylmy makalalaryň 83-siniň (3-si monografiýa), şeýle hem golýazma işleriniň 30-synyň awtory Çary Mommyýewiç PAÝTYKOW. Ol Türkmenistanda nebitiň we gazyň geologiýa-gözleg işlerini ösdürmegiň bäşýyllyk toplumlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlaýjy iri ylmy toparlara ýolbaşçylyk etdi.
Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklaryny açmaga goşan goşandy üçin Çary Paýtykow SSSR-iň Geologiýa ministrliginiň «Geologiýa gözleg-barlag işleriniň ezberi» diýen döşe dakylýan nyşany bilen sylaglanyldy, 2012-nji ýylda geologiýa ylmyny we geologiýa gözleg işlerini ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy, 2014-nji ýylda bolsa, oňa «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly at dakyldy.
— Çary Mommyýewiç, urşuň agyr ýyllaryny başdan geçiren çagalara durmuşda kynçylyklaryň hötdesinden gelmek agyr düşmeýär diýýärler.
— Hawa, bu şeýle eken. Men 1940-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesinde dünýä indim. Uruş başlananda, entek bir hem ýaşamandym. Meniň çagalygym uruş we uruşdan soňky ýyllara gabat geldi, şol ýyllarda ähli sowet halky, şol sanda türkmen halky kynçylyklary başdan geçirdi we agyr synaga döz geldi.
Şeýle-de bolsa, men öz çagalygymy bagtly hasaplaýaryn. Şol döwürde telewideniýe, internet, el telefonlary ýaly zatlar bolmady. Emma tomus paslynda goňşy oglanlar bilen uzynly gün Murgap derýasynda suwa düşüşimiz ýaly ýatlamalar hemişelik hakydamda galdy. Suwa düşüp, dürli oýunlary oýnardyk, uzak aralyklara ýüzerdik. Ýygy-ýygydan balyk tutardyk. Emma zerur bolanda, özümizden uly adamlara pagta ýygmaga, däne üwemäge kömek ederdik, üýşüp demir böleklerini çöplärdik.
Beýlekiler ýaly, okamagy halaýardym. Dördünji synpda işjeň we höwesjeň okyjy hökmünde şäher kitaphanasynyň “Hormat tagtasynda” suratym goýuldy.
— Gyzykly mekdep döwründen soňky durmuşyňyz barada gürrüň beräýseňiz...
— 1959-njy ýylda Mary şäherindäki mekdebi tamamlanymdan soň, Türkmen politehniki institutyna okuwa girdim. Şol döwürde okuwyň möhleti alty ýyldy. Şonda ýazky okuw möwsüminden soň bizi dört aýlap, «Türkmengeologiýa» we «Türkmennebit» DK-nyň dürli önümçilik kärhanalaryna ugradýardylar, olarda bizi hak tölenilýän işlere ýerleşdirýärdiler.
1965-nji ýylda instituty tamamlap, dag inžener-geology hünärine eýe boldum hem-de Baýramalynyň gidrogeologiýa ekspedisiýasyna işe ugradyldym, ol ýerde talyplyk ýyllarymda tehnik, uly tehnik we uçastok geology bolup işledim.
— Diýmek, zähmetkeşler toparyna girişmek kyn düşmändir-dä?
— Hawa, ekspedisiýanyň topary eýýäm meni gowy tanaýardy, men onuň işini, wezipelerini gowy bilýärdim. Munda bilim alan okuw maksatnamamyň peýdasy uly bolupdy.
Men ekspedisiýada üç ýyl işledim, soňra okuwy dowam etmek kararyna geldim. 1967-nji ýylda Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky Nebit we gaz institutynyň aspiranturasyna okuwa girip, ony 1970-nji ýylda tamamladym hem-de kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli goradym.
Aspiranturany tamamlanymdan soň, Türkmen ylmy-barlag geologiýa gözleg institutyna ugradyldym, ol ýerde uly ylmy işgäriň, barlaghana müdiriniň, nebit we gaz bölüminiň başlygy, direktoryň orunbasary wezipelerinde, 1987-1993-nji ýyllarda bolsa direktoryň wezipesinde işledim. Soňra men Türkmenistanyň gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň gorlary boýunça döwlet toparynyň başlygy wezipesine geçirildim, ol ýerde 1994-1999-njy ýyllarda işledim. Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri bolup zähmet çekýärin.
— Çary Mommyýewiç, siziň ylmy döredijilik işiňizde haýsy tema agdyklyk edýär?
— Meniň çap edilen hem-de golýazma işlerim möhüm temalaryň üçüsine — «Uglewodorod ýataklaryny ýerleşdirmegiň kanunalaýyklygy», «Uglewodorod serişdelerine çaklama bahasynyň berilmegi», «Nebitiň we gazyň geologiýa-gözleg işleriniň geologiýa-ykdysady seljermesi we gözleg-barlag işleriniň netijeli ugurlaryny esaslandyrmak» temalaryna bagyşlandy. Doktorlyk dissertasiýam hem hut şol temalara bagyşlandy, ony men 1992-nji ýylda Moskwada «Türkmenistanyň nebitgaz kuwwaty we ony özleşdirmegiň geologiýa-ykdysady ugurlary» diýen tema boýunça goradym.
— Siziň Russiýanyň alys Sibir ülkesinde iş saparynda köp bolanlygyňyzdan habarymyz bar. Şol saparlaryň maksady barada gürrüň beräýseňiz?
— Biz işgärlerimiz bilen bilelikde diňe moskwaly däl-de, eýsem, sibirli alymlar bilen hem ýakyn döredijilik gatnaşyklarynda bolduk, dünýä belli alym, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Alekseý Emilýewiç Kontorowiçiň ýolbaşçylyk edýän ylmy topary bilen bilelikdäki barlaglary geçiripdik.
Men birnäçe gezek sibirli alym-geologlar bilen bilelikde Tunguz çökündisiniň çäklerinde meýdan işlerine gatnaşdym. Bularyň hemmesi meniň geologiýa boýunça bilim derejämi artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýeriň astynda, şeýle hem ýer gatlagynda bolup geçýän geologik ýagdaýlara baha bermegi öwretdi.
— Ýurdumyzda nebitiň we gazyň täze iri ýataklaryny açmak mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz?
— Türkmenistanyň çäkleri, geofiziki taýdan hem-de 4 müň metr çuňluga çenli burawlamak bilen, oňat öwrenildi. Netijede, biz nebit we gaz ýataklarynyň ençemesini açdyk. Şunuň bilen baglylykda, esasy mümkinçilikleri 5 — 7 müň metr çuňlukdaky guýular bilen baglamak möhümdir. Häzirki wagtda şol çuňlukdaky guýulary burawlamak işlerine başlandy. Mysal üçin, «Galkynyş» we Ýaşlar gaz känleri 4 — 5 müň metr çuňlukda ýerleşýär. Demirgazyk Goturdepede 4900 — 5100 metr çuňlukda nebit ýataklarynyň üsti açyldy. Uzynada meýdanynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanda çuňlugy 7150 metr bolan iň çuň guýy burawlanyp, ondan gaz kondensatynyň kuwwatly akymy alyndy. Şol çuňlukdaky guýulary burawlamagyň zähmeti we serişdeleri köp talap edýän işdigini bellemek gerek.
— Çary Mommyýewiç, geologiýa-gözleg işine şahsy goşandyňyz barada aýdaýsaňyz...
— Soňky ýyllarda Repetek-Kelif zolagyndaky çuňlugy 4500 metr bolan Çalgerişbaba meýdanynda karbonat çökündili ýataklaryň bardygyny esaslandyrdym we teklip etdim. Bu zolak çylşyrymly geologiýa gurluşy bilen tapawutlanýar hem-de diňe gaza däl-de, eýsem, nebite baý ýer bolup durýar. Şonuň üçin, ilki bilen, men bu zolagyň gaznebitli mümkinçiliklerini esaslandyrdym hem-de Çalgerişbaba, Repetek we Martowskiý ýataklaryny burawlamagy teklip etdim.
Çalgerişbaba meýdanyndaky teklip edilen 1-nji guýy burawlananda, 4113 metr çuňlukda şor suw çykyp, guýynyň ýitmegine getirdi. Şonda nebitiň hem ýüze çykandygyny bellemek gerek. Bu bolsa oňat geologiýa alamaty bolup durýar.
Önüm öndürijileriň haýyşy boýunça çuňlugy 4750 metr bolan bu meýdanda ikinji guýyny burawlamak işini esaslandyrdym. Häzirki wagtda ol burawlanýar hem-de 3000 metr çuňluga baryp ýetdi.
Ýakynda «Ýerastyny geologiýa-geofizika taýdan öwrenmegiň häzirki tapgyrynda Günortahazar sebitiniň nebitgazlylygynyň hödürnamasyny» taýýarladyk, institutyň alymlar geňeşinde goradyk hem-de önümçilige tabşyrdyk, onda gözleg-barlag buraw işiniň ugurlaryna baha berildi, arassa nebit ýataklarynyň ýaýran aşaky çäginiň çuňlugy kesgitlenildi.
— Kesbiňize eýeren çagalaryňyz barmy?
— Meniň maşgalam Sülgün hünäri boýunça halyçy. Biz dört perzendi— Sapary, Güljany, Gülşady, Rahmany kemala getirdik. Olaryň hemmesi-de ýokary ykdysady bilime eýe boldy. Ynha, agtyklarym bolsa, meniň ugruma eýermek bilen, nebitgaz pudagynda zähmet çekýärler. Olar entek ýaş, emma geljekde başyny başlan işlerimi dowam etdirip biljekdiklerine ynanýaryn, şol işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa, ýurdumyzyň dünýäniň ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmeginde goşant bolar.
— Çary Mommyýewiç, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmakda size uly üstünlikleri arzuw edýäris!
—Sag boluň. Size hem alyp barýan işiňizde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin!
Ussa USSAÝEW,
ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.