Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi MÄMMEDOWA
Mahmal owazly aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowanyň aýdymlaryny bütin durkuň bilen diňleýärsiň. Zehinli aýdymçynyň üýtgeşik owazy, döredijilik ýoly bar. Onuň ötlem-ötlem tolkunly mawy deňziň kenarynda durup aýdýan her bir aýdymy kalbyňy heýjana salýar. Ýüregi buýsançdan püre-pür zenanyň aýdymlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýany joşgunly ýaňlanýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy Amanbibi MÄMMEDOWA bilen söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirýäris.
– Amanbibi, ilki bilen, aýdymlar dünýäsine gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz?
– Ýaşymyň kiçidigine seretmezden, aýal doganym Annabikäniň yzyna düşüp, oba medeniýet öýüne gatnardym. Deňziň kenaryna gelip, çalaja çaýkanyp ýatan suwunyň sesini, çarlaklaryň hoş owazlaryny diňlärdim. Ýedi ýaşymda aýdym aýdyp başladym. Ýaşlygymdan kalbymda aýdymçy bolmak baradaky arzuwlarym şineledi. Mekdepde geçirilýän çärelerde aýdym aýdardym. Oba medeniýet öýüne gatnaýarkam halypam: «Gyzym, şu günlükçe taýýarlygymyz ýeterlik, galanyny ertir öwrenersiň» diýende-de, ýene-de öwrenesimiň gelýänini aýdyp, sungatyň melul ediji dünýäsinden hiç daşlaşyp bilmezdim. Ejemiň örän şirin we hoş owazy bardy. Ol elmydama aýdyma hiňlenip ýörerdi. Kakamyň doganlarynyň akkordeon çalyp, dep kakyşlaryny üns bilen diňlärdim. Maşgalada körpe bolanymdanmy, bilmedim, hemişe maňa üns berilýän ýaly duýardym. «Käbäm enem», «Ejem janyň hüwdüsi» ýaly aýdymlarymy näçe aýtsamam, ýene-de aýdasym gelýär. «Aýdym ynsanlaryň köňül syrdaşy» diýlip, aýdylmagy ýöne ýere däl. Şatlanan wagtyňda-da, tukatlanan mahalyň hem aýdymly dünýä berilýärsiň.
– Amanbibi, bu gün şirin aýdymlaryňyz il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. «Gidäýseň», «Ikimiziň söýgimizden» diýen aýdymlaryňyz gözel ýurdumyzy, ajaýyp ösüşlerimizi, milli mirasymyzy wasp edýän gazallaryňyz bilen il içinde giňden tanalýarsyňyz.
– Aýdym aýtmakda tebigy ses, zehin, höwes, yhlasam gerekdir welin, ugur-ýol görkezýän halypaň-da bolmaly. Halypa şägirdine diňe aýdymy dogry aýtmagy, sazy duýmagy däl, sahnada özüňi alyp barmagy hem öwredip, halkyň içinde söýlüp diňlenýän aýdymçy bolmagyň üçin elinden gelenini gaýgyrmaýar. Halypalaryň yhlasy bilen 2001-nji ýylda «Ýaňlan, diýarym» bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça ýeňijisi, 2007, 2008, 2009, 2011, 2015-nji ýyllarda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Ýolbaşçylyk edýän «Dagdan» folklor toparym bilen milli sungatymyzy ösdürmeklige goşan goşandymy göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berildi. «Bagt ýeke gelmeýär» diýen sözüň müň kerem dogrudygyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has aýdyň göz ýetirdim. Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy» ýubileý medaly bilen hem sylaglandym. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada eýe boldum. Gahryman Arkadagymyzyň kiçijik zähmetime uly baha berip, Şa serpaýyny ýapmagy meni uly işlere borçly edýär. Bu serpaý meniň diňe bir özüme degişli bolman, eýsem, «Dagdan» folklor toparymyzyň ähli agzalarynyň zähmetine berlen baha diýip düşünýärin. Toparymyzyň aýdymçy-sazandalary milli sungatymyzy giňden ýaýbaňlandyrmakda yhlasly zähmet çekýärler. Milli döredijiligimiziň şan-şöhratyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
– Amanbibi, «Dagdan» folklor toparyňyz bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilýän medeniýet günlerine, halkara çärelerine hem gatnaşyp gelýärsiňiz. Bu barada hem durup geçäýsek.
– Biz hut milli Liderimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde milli däp-dessurlarymyzyň öçmejek miraslaryny bagtyýarlyk döwrüniň döwrebap öwüşginleri bilen sazlaşdyrýan aýdymlar, folklor eserleri bilen Türkiýede, Russiýada, Täjigistanda, Mongoliýada, Hytaýyň dürli şäherlerinde çykyş etdik. Şol tolgundyryjy pursatlarda özümiziň türkmendigimize, Türkmenistan ýaly asuda, parahat ýurtda ýaşaýandygymyza bolan buýsanç kalbymyzy gurşap aldy.
– Üstünligiň syry nämede hasaplaýarsyňyz?
– Üstünlik gazanmak üçin maksada okgunlylyk hem-de tutanýerlilik zerur. Aýdym-saza ömrüni bagyşlan halypalar: «Köpçüligiň göwnünden turaýjak, halka ýakyn aýdymlary döretmeli, oňa ýüregiň bilen berilmeli» diýýärler. Aýdymlarymyň kämil çykmagynda Nury Nuryýew, Myrat Orazdurdyýew, Berdi Külçäýew ýaly sazandalaryň hyzmaty uly. Şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň goşgulary bolsa aýdymlarymyň owazyna owaz goşýar.
– Amanbibi, «Arkadag», «Adyň beýik, özüň beýik, Arkadag», «Kenarda» ýaly aýdymlaryňyz il içinde söýlüp diňlenilýär. Bu aýdymlar barada hem aýdaýsaňyz?
– Bu aýdymlarymda hormatly Prezidentimize bolan çäksiz söýgi jemlenen. Ýürekden aýdylan aýdymlar adamlaryň köňlüni ganatlandyryp, joşgun berýär. Ajaýyp zamanamyz, berkarar döwletimiz bar. Bu ajaýyplyklaryň sakasynda duran Gahryman hem mähriban Arkadagymyz bar. Bagtyýarlyga gol beren halkymyzyň ykbalyna bagt paýyny eçilen bu döwürde il-ýurt bähbitli tutumly işler mähriban Arkadagymyzyň saýasynda amala aşyrylýar. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn!
– Söhbetdeşlik üçin sag boluň! Döredijilik üstünlikleri hemraňyz bolsun!
– Sag boluň!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.