Energetiki barlaglar boýunça Oksford instituty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegine ýokary baha berýär
Gaz senagatynyň ösüşi, gaz bazarlary, gaz eksport akymlary hem-de ýurtda gazdan peýdalanmaklygyň beýleki usullary — bular türkmen nebitgaz toplumynda Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutyny (OIES) gyzyklandyrýan esasy ugurlardyr, diýip OIES-iň wekili Julian Bouden beýan etdi. Bu barada Trend habar berýär.
Ol şeýle hem Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň we türkmen gazynyň eskportynyň uly gyzyklanma döredýändigini, şeýle hem OIES-iň bolup geçýän wakalardan habarly bolmaga çalyşýandygyny belledi.
«OIES geljekde hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky soňky wakalary yzarlamagyny dowam eder» - diýip Bouden belledi.
Onuň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolup, bu pudakda köp zatlary gazandy. Şeýlelikde, görkezijileriň biri — Hytaýa turba geçiriji arkaly gazyň eksporty, nebithimiýa toplumlarynyň ösüşi hem-de Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod bar.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.