Aşgabatda «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler
24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler. Oňa ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny we taslamalaryny çekmegiň, peýdalanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmekde maglumat-telearagatnaşyk ulgamyny giňeltmegiň, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň meselelerini öz içine alýar.
Maslahatda sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamynyň we bulut tehnologiýasynyň netijeliligini giňeltmek, öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy, maglumat we kiberhowpsuzlygy, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiligi ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Halkara onlaýn maslahaty biziň hünärmenlerimiziň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmakda, işjeň gatnaşyklary ýola goýmakda, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýedir.
Ussat news
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.
Balkanabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Balkan welaýatynyň merkezi bolan Balkanabat şäherinde «AssA» tans studiýasynyň Çagalary goramagyň halkara güni we tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Bu ýatda galyjy çäre şäheriň ýaşaýjylary we ýaş tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-3-nji iýuny aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine gatnaşýar.