Habarlar

Saglygymyzyň gadyryny janymyz sagdynka bileliň!

https://ussatnews.com/storage/posts/352/original-15fd39cfa8098d.jpeg

Dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama keselleri, esasan, wiruslar, bakteriýalar ýaly, mikroorganizmler tarapyndan döredilýän ýokanç kesellerdir. Bu keseller möwsümleýin bolup, esasan, howanyň sowa-magy we adamlaryň nädogry geýinmegi bilen ýüze çykýar.

Keseliň ýüze çykyş alamatlary:

—beden gyzgynynyň ýokarlanmagy;

—bokurdakda agyry;

—burnuň dykylmagy ýa-da suwuklygyň akmagy;

—kelle agyrysy;

—endamyň agyrmagy;

—umumy gowşaklyk;

—üsgülewük;

—aşaderlemek;

—dem almasynyň kynlaşmagy;

—ysgynsyzlyk.

Näsag adamlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolanda, asgyranda, üsgürende kesel dörediji mikroorganizmler howa-damja ýoly bilen, şeýle-de galtaşma ýoly arkaly, hapalanan eliň- üsti bilen agzyň, burnuň, gözüň nemli bardalaryna düşüp, kesel ýokuşyp biler. Öý şertlerinde maşgala agzalarynyň biri näsaglanda, beýlekilere hem keseliň ýokuşmagy mümkin.

Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan halatynda, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly we ýöriteleşdirilen hassahanalarda barlagdan geçip, bejergini doly, dogry we gutarnykly almaly.

Öý şertlerinde näsag doly gözegçilikde bolmaýar we käbir ýöriteleşdirilen enjamlar bilen bejergini alyp bilmeýär. Özbaşdak derman serişdelerini ulanmak keseliň gaýraüzülmelerine, öýkende kadaly öýjük gurluşynyň düýpli üýtgemegine getirip, geljekde dowamly öýken ýetmezçiliginiň esasy sebäbi bolup biler.

Keseliň öňüni alyş çäreleri:

—agyz-burun örtüklerini hökmany dogry we doly dakynmaly;

—elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly;

—köpçülik ýerlerinde daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly;

—asgyrylanda, üsgürilende birgezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp, soňra olary ýörite gaplara taşlamaly.

Eger sizde keseliň alamatlary ýüze çyksa, gyssagly habarlaşmak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli nobatçy merkezi saglygy goraýyş edaralarynda we Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň düzümindäki saglyk öýlerinde gije-gündizleýin işleýän (24 sagat/7 gün) telefon belgilerine jaň edip, telefon arkaly sorag-jogap alşyp, maslahatlaşyp bilersiňiz!

Gyssagly habarlar üçin saglyk öýleriniň gije-gündizleýin işleýän telefon belgileri

No Edaranyň ady       Telefon belgiler

1 Aşgabat şäheri, 1-nji saglyk öýi     45-21-73

2 Aşgabat şäheri, 2-nji saglyk öýi  34-41-40

3 Aşgabat şäheri, 3-nji saglyk öýi   76-80-87, 76-57-97

4 Aşgabat şäheri, 4-nji saglyk öýi   37-42-86

5 Aşgabat şäheri, 5-nji saglyk öýi  27-45-06, 27-45-28

6 Aşgabat şäheri, 6-njy saglyk öýi 23-09-03

7 Aşgabat şäheri, 7-nji saglyk öýi  26-74-32

8 Aşgabat şäheri, 8-nji saglyk öýi 27-78-22

9 Aşgabat şäheri, 9-njy saglyk öýi  26-03-15

10 Aşgabat şäheri, 10-njy saglyk öýi 48-29-80

11 Aşgabat şäheri, 11-nji saglyk öýi  95-73-12

12 Aşgabat şäheri, 12-nji saglyk öýi  32-10-22

13 Aşgabat şäheri, 13-nji saglyk öýi  25-73-03

14 Aşgabat şäheri, 14-nji saglyk öýi  51-56-70

15 Aşgabat şäheri, 15-nji saglyk öýi  47-84-77

16 Aşgabat şäheri, 16-njy saglyk öýi  97-67-98, 97-67-99

17 Aşgabat şäher çagalar hassahanasy  92-71-97

18 Bejeriş-maslahat beriş merkezi  43-64-38

19 Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti  73-95-35

20 Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana 36-92-68

21 Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana 94-05-80

22 Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi  90-79-35(36)

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Başga habarlar
16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.