Makalalar

Dünýäde iň uzyn köpri nirede ýerleşýärkä?

https://ussatnews.com/storage/posts/3575/original-1628a2e24e5553.jpeg

Ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmeginde awtomobil we demir ýollar bilen bilelikde köprüleriň çekilmegi hem uly ähmiýete eýedir. Dünýä ýurtlarynda iň uzyn köprüler awtomobillere görä demir ýol düzümleri üçin has ýygy gurulýar. Şeýle hem olaryň käbiriniň gurluşygyna bir kiçiräk şaheri gurmaga ýetjek maýa we gurluşyk serişdeleriniň sarp edilendigi hem gyzyklydyr.

Eýsem dünýäde iň uzyn köpri nirede ýerleşýärkä? Maglumatlar onuň Danýan-Kunşan köprüsidigini tassyklaýarlar. Ol Pekin — Şanhaý ýokary tizlikli demir ýolunyň ugrunda 164 müň 800 metre uzaýar. Onuň ýerleşýän çägi Pekin bilen Nankiniň aralgyna düşýär. Aýdylmagyna görä, bu täsin köpriniň gurluşygyna 8,5 milliard dollar sarp edilipdir. Jemi 500 müň tonna polatdan 2,5 million kub metr betondan bina bolan bu ägirt uly desgany 2008-nji ýyl bilen 2010-njy ýyl aralgynda gurup, 2011-nji ýylyň 30-njy iýunynda ulanmaga beripdirler.

Köpri özüniň uzynlygy boýunça Taýwanyň ýokary tizlikli demir ýolunyň bölegi bolan Çžanhua-Gaosýun köprüsinden (157 müň 317 metr), şeýle hem Týanszýan köprüsinden (113 müň 700 metr) has uludyr.

Köpriniň 9 kilometre golaý aralygy suwuň üstünden geýçär.

Agaberdi HOJAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.