GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 4-nji iýunynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen möhüm ähmiýetli Karar kabul etdi. Oňa laýyklykda guşçulyk pudagynda iş alyp batýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda 20 müň gektar meýdana iýmlik mekgejöwen, 2 müň gektara soýa we 40 müň gektara iýmlik bugdaý ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli çäreleri geçirmek kesgitlenildi.
Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy. Önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek meselesine Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günün- den uly üns berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly düzülen ykdysady syýasatynyň esasynda işjeň durmuşa geçirýän çäreleri öz oňyn netijelerini hem berýär. Şol çäreleriň ählisiniň aýratynlygy önüm öndürijilere döwlet goldawynyň yzygiderli berlip durulmagy bilen baglydyr. Döwletimiz tarapyndan ýüzlerçe millionlap ABŞ-nyň dollarynda pul kömegi we beýleki goldawlar berilýär, önüm öndürijiler salgytlardan boşadylýar. 4-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde hem hor¬matly Prezidentimiz ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek kararyna gelendigini aýtdy.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň telekeçileri hem ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň täze, industrial-innowasiýa häsiýetli tapgyry telekeçileriň ýüzlerçesi tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Telekeçileriň innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçiliklerini giňeltmekleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleriň bolçulygynyň döremegine getirýär, üstesine, eksport edilýän önümleriň sanawy hem has-da artdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen kabul edilen şu Karar hem ykdysadyýetimiziň ösüşine uly täsirini ýetirer. Sebäbi guşçulyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, öňi bilen, ot-iým üpjünçiligine bagly bolup durýar. Guşçulykdaky önüm öndürijilere ot-iým ýetişdirmek üçin ýerleriň bölünip berilmegi pudagy täze ösüşleriň derejesine çykarýar. Häzirki wagtda welaýatymyzda idedilýän guşlaryň sany 138 müň 800-e golaýlaýar. Şolardan şu ýylyň başyndan bäri 71 tonna golaý et, 2 milliard 764 million 300 müň sanydan gowrak ýumurtga öndürildi. Şonça ýumurtganyň 1 milliard 677 sanysy welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň kömekçi hojalyklarynyň guşçulyk toplumlarynda ön- dürildi. Welaýatymyzda guşçulyk önümlerini öndürmek bilen .«Atamyrat-Ali», «Eşret» ýaly daýhan hojalyklary, hususy kärhanalaryň 4-si, telekeçileriň hem onlarçasy meşgullanýar. «Atamyrat-Ali» daýhan hojalygy, esasan, guş etini öndürmäge ýöriteleşdirilendir. «Eşret» daýhan hojalygynda şu ýylyň başyndan bäri öndürilen ýumurtga 877 müň 520-den geçdi. Ýekebara telekeçileriň güýji bilen şu ýylyň başyndan bäri 136 müňden gowrak ýumurtga öndürildi. Jorakuly Hemraýew, Bagtyýar Açylow, Arslan Towçaýew ýaly telekeçiier bu ugurda iş tejribelerini baýlaşdyrýarlar.
Görnüşi ýaly, telekeçiler welaýatymyzyň ilatynyň guş etine hem- de ýumurtga bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Pudakda önüm öndürijileriň ekerançylyk ýerleri
bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy olaryň önüm öndürijiligini ýene-de ýokarlandyrar, Sebäbi hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary diňe hususy önüm öndürijileriň däl, eýsem, önüm öndürijileriň ählisiniň işe bolan höwesini artdyryp, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.
Içerki bazarlarda önüm bolçulygyny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge we olaryň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmaga degişli düýpli işleriň ýaýbaňlandyrylmagy il-ýurduň bähbidinedir. Içerki bazardaky bolçulyk ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem berkidýär.
Ilmyrat ALLABERDIÝEW, ýörite habarçymyz.
Durmuş hakykatyny ýazan
Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
GONŞULAR (Hekaýa)
Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)
Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:
MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL
Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.
AMATLY WE ÝOKARY HILLI
Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.