Durmuş hakykatyny ýazan

https://ussatnews.com/storage/posts/6638/original-165bcdd8955012.jpeg

Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

- Hojanepes 1941-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häzirki Ýagtylyk geňeşliginde dünýä inýär. Onuň bilen bir mekdepde okamsoň, biri-birimizi çagalyk ýyllarymyzdan tanaýardyk. Eýýäm şol ýyllarda edebiýata bolan ukyby bilen ol deň-duşlaryndan tapawutlanýardy. Oňa mekdebimiziň diwar gazetini çykarmak ynanylypdy. Ol gazetiň her sanynyň gyzykly bolmagy üçin alada ederdi. Kämahal gazetde dünýä edebiýatynyň gömükli wekilleri Aleksandr Dýumanyň, Şandor Petefiniň eserleriniň ýaşlara degişli böleklerini ýerleşdirerdi. Şol bölekleri mugallymlarymyz, synpdaşlarymyz durup-durup okardylar.

Hojanepes mekdebi tamamlap, häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdi. Talyplyk ýyllary hem edebiýat bilen içgin gyzyklanýardy. Dördünji ýyl talyby wagty ony oňat okaýan talyplar bilen Beýik Britaniýa gezelenje iberdiler. Gezelençden gelenden soň «Iňlis zenany Maurin» atly hekaýasyny ýazdy. Bu hekaýasy üçin oňa kiçijik baýragam berdiler. Şol döwür- de ol «Altynyň ýesiri», «Güller yranýardylar», «Düýnki gelinler» ýaly powestleridir hekaýalaryny ýazdy.

Hojanepes az sözli, işjanly adamdy. Hemişe öz geljekki eserleriniň ýordumy, gahrymanlarynyň başdan geçirýän ruhy ahwallary bilen ýaşardy. Taýyn eden eserleriniň golýazmalalaryny täzeden göçürmek onuň üçin adaty endige öwrülipdi. «Garagumuň bürgütleri» atly powestini ýazan mahaly eseriň gahrymanlarynyň durmuşyny içgin öwrenmek üçin gazçylaryň arasynda bir aýlap ýaşady. Muhammet şanyň ogly Jelaleddiniň ömri we durmuşy barada gürrüň berýän «Şazadanyň ýaşlygy» atly powestiniň üstün- de işlän wagtlary Hindistanda döredijilik saparynda boldy. Bu eser okyjylara gowşandan soň dünýä inen agtygymyza «Jelaleddin ýaly edermen bolsun» diýip, onuň adyny dakdy. Ynsanyň ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen bagly tema onuň bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hojanepesiň eserleriniň köpüsi doganlyk halklaryň dillerine terjime edildi. «Garagumuň bürgütleri» atly powesti-hä ýapon diline-de ter¬jime edildi.

Hojanepes dramaturg hökmünde-de giňden tanaldy. «Mollaoraz», «Aýperiniň aýdymy», «Ýalyn», «Durdy Gylyç» ýaly pýesalary ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyryldy. Onuň ýazan eserlerini bagtyýar döwrümiziň ýaşlary höwes bilen okaýarlar.

Biz 1963-nji ýylda durmuş gurup, otuz dört ýyl süýjülikde ýaşaşdyk. Maşgalamyzda iki çagany kemala getirdik. Olar ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişdiler. Men Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetini tamamlap, Aşgabatdaky Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde mugallym bolup işledim. Hojanepesiň edebiýata bolan yhlasy ömrümi žurnalistika baglamagyma sebäp boldy.

Maşgalamyzyň adyndan milli edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ýazyjy-şahyrlaryň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirýärin.

Ýazga geçiren Meretgylyç ÝAGMYROW,

«Edebiýat we sungat».

Başga makalalar
165a96965a6c7e.jpeg
GONŞULAR (Hekaýa)

Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.


162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy.


16229fa7e75bf6.jpeg
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:

16229f9e9aeedc.jpeg
MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.