PHYF: Türkmenistan energetika we ulag ulgamlaryny GDA-nyň çäginde goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar
Energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde goşulyşmagyň strategiki ugurlary bolup biler. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeli Serdarow penşenbe güni Peterburgda geçýän Halkara ykdysady forumynda aýtdy. Muny Orient agentligi habar berýär.
«GDA-nyň çäklerinde netijeli ysnyşykly hereketler iri ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýan giňişlik hökmünde täze anyk ýagdaýlarda ösüşiň kuwwatly itergisine öwrülip biler» diýip M.Serdarow belledi.
Türkmen Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysy “Ösüş üçin ýakynlaşmalar: täze gözýetimler” meselelesine degişli maslahata gatnaşdy, şonda pandemiýanyň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmekde we kowid döwründen soň, dünýäniň täze ykdysadyýetini gurmakda GDA ýaly sebit birleşmeleriniň eýeleýän orny hem-de görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdarow özara ýakynlaşmalaryň strategik ugry hökmünde, ilkinji nobatda, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edilmegini görkezdi.
“Energiýa serişdeleriniň öndürilmegini, iberilmegini hem-de sarp edilmegini öz içine alýan köptaraplaýyn hem-de bölünmez energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bu ugurda Türkmenistanyň teklipleriniň hem-de anyk hereketleriniň mazmunyny kesgitleýär” diýip, ministr aýtdy.
Ol beýleki möhüm ugur hökmünde ulag babatda, Arkalaşygyň ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň ösürilmegi, iri ulag-logistika merkezleriniň döredilmegi babatda özara hereket edilmelidigini görkezdi.
“Utgaşykly, sazlaşykly we ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň döredilmegi maýa goýum işjeňligini anyk ýagdaýda höweslendirer, dünýä, sebit hem-de milli derejelerde ykdysady we durmuş görkezijileriniň ýokarlanmagyna ýardam eder” diýip, Türkmen maliýe-ykdysady edarasynyň ýolbaşçysy belledi.
Muhammetgeldi Serdarow şu ýylyň 15-16-njy awgustynda Aşgabatda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň geçiriljekdigini ýatlatdy hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ählisine bu foruma gatnaşmaga çakylygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Maslahaty alyp baran belli rus žurnalisti, ykdysady synçysy Alekseý Bobrowskiý pikir alyşmalary jemläp, GDA ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň hem-de özara ýakynlaşma işleriniň esasy öňe alyp barjak güýjüniň energetika boljakdygy barada möhüm netije çykardy.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.