Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi
1-nji sentýabrda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.
Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy.
Orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň hem-de uly açyşlaryň ýagty ýoluna ak pata berdi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny hem-de bilim ulgamynyň işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň öz miwesini berýändigini belledi. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ilkinji sapagyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünliklerine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge bagyşlanmagy tötänden däldir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli “Bilimli” atly kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy şatlykly waka boldy. Bularyň ählisi bu ulgamda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy maksadynyň bilime ählumumy elýeterliligi üpjün etmekden, ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz ukyplaryndan we zehininden doly derejede peýdalanyp bilmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdygyna şaýatlyk edýär.
Ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar.
Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlarymyz ýakyn geljekde eziz Watanymyzy täze sepgitlere hem-de uly üstünliklere ýetirmelidir.
On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä derejesine laýyk gelýän orta bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň binalarynyň onlarçasy gurlup ulanmaga berilýär. Olar döwrebap multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.
Ine, şu gün hem täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Olara ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriň we obalaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň açylmagy hakyky baýramçylyga öwrüldi.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjylary hem şu gün täze binalary ulanmaga bermek dabaralarynyň şaýatlary boldular. Şol ýerde 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy açyldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde açylan çagalar bagy hem 320 orunlykdyr.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Saganly obasynyň ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar gününi 600 orunlyk täze orta mekdebiň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara bilen garşyladylar.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde, Daşoguz şäherinde we Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Buýanly obasynda her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň açylmagy uly baýramçylyga öwrüldi. Daşoguz şäherinde 240 orunlyk çagalar bagy hem ulanmaga berildi.
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin-de bu baýramçylyk güni ajaýyp wakalara beslendi. Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy, şol etrabyň Esgi geňeşliginiň Gyzylgaýa obasynda 600 orunlyk orta mekdep açyldy.
Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň okuwçylary 500 orunlyk täze, döwrebap mekdepde bilim almak mümkinçiligine eýe boldular. Welaýatyň Hojadepe geňeşliginiň Çöňür obasynda bolsa 320 orunlyk çagalar bagy gapylaryny giňden açdy.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň her birinde körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas babatda hemmetaraplaýyn ösmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Dürli ýaşdaky çagalaryň toparlary üçin amatly oýun otaglary, owadan we oňaýly mebeller bilen üpjün edilen ýatakhanalar, çagalaryň bilim almagy üçin döwrebap ulgamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary göz öňünde tutuldy.
Çagalar baglarynyň çeperçilik taýdan bezeginde otaglaryň maksadyna laýyk gelýän dürli diwar pannolary ulanylýar. Dynç almak üçin niýetlenen pawilýonlaryň, ýörite oýnalýan ýerleriň golaýynda ertekileriň gahrymanlarynyň we dürli haýwanlaryň owadan şekilleri ýerleşdirildi. Olaryň döredijilik zehinlerini ösdürmek maksady bilen, bu ýerde aýdym-saz, tans bilen meşgullanmak üçin ýörite zallar göz öňünde tutuldy, çagalaryň saglygyny berkitmek üçin bolsa sport-oýun meýdançalary, şol sanda daşardaky meýdançalar enjamlaşdyryldy.
Täze mekdeplerde hem okuwçylaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň döredijilik ukyplarynyň, zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde sapaklary geçmek, terbiýeçilik işi, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri geçirmek, okuwçylaryň boş wagtyny netijeli guramak üçin ähli mümkinçilikler bar.
Okuw binalarynda amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň we ýagty otaglar, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin lingafon otaglary, informatika, biologiýa, fizika, himiýa we beýleki okuw dersleri üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar ýerleşdirildi. Şeýle-de bu ýerde sport we mejlisler zallary, zähmet sapagy üçin otaglar göz öňünde tutuldy. Okuw mekdepleriniň ählisinde zerur bolan okuw we çeper edebiýatlar bilen üpjün edilen kitaphanalar, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin hem ähli şertler döredildi. Olaryň ählisinde lukmançylyk otaglary, naharhanalar bar.
Mekdep howlularyny abadanlaşdyrmaga uly üns berilýär. Şol ýerde ýaş agaç nahallary oturdyldy. Mekdepleriň çäginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenen açyk asmanyň astyndaky meýdançalar ýerleşýär. Bu desgalaryň ählisiniň gurluşygynyň ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Olar öz üstlerine ýüklenen wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.
Täze desgalaryň açylyş dabaralary hakyky baýramçylyga öwrüldi. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaralara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen açylyş dabaralarynyň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda çagalaryň göwnejaý terbiýelenmegine we ösmegine aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ösüp gelýän ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.