Habarlar

«Şatlyk» şypahanasy halkyň hyzmatynda

https://ussatnews.com/storage/posts/4212/original-16315ee457dba8.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda häzirki günlerde ýurdumyzyň dynç alyş, sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli şypahanalarda raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almaklary hem-de saglygyny pugtalandyrmaklary üçin döredilýän oňaýly şertler hemmelerde kanagatlanma duýgusyny döredýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň «Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasynda-da häzir ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän adamlar oňat dynç alyp, saglygyny pugtalandyrýarlar.

Gür baglyga bürenip oturan «Şatlyk» şypahanasy her dynç alyş tapgyrynda ýüzden gowrak adamy kabul edýär. Sagaldyş jaýynyň golaýyndan akyp geçýän Garagum derýasy bu ýerde peýdaly howa gurşawyny döredýär. Munuň özi geçirilýän bejeriş çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam berýär.

Bu ýere dynç alyp, saglygyny pugtalandyrmak üçin gelýän bagtyýar raýatlara medeniýetli hyzmat edip, olaryň hoşallygyny gazanmak şypahananyň işgärleriniň hemişe baş aladasy bolup durýar. Olar şypahana gelýän adamlary güler ýüz bilen garşy alyp, bada-bat ähli oňaýly şertleri bolan ýaşaýyş otaglaryna ýerleşdirýärler.

Raýatlar bu ýerde on günüň dowamynda geçirilýän bejeriş çäreleri arkaly guragyry, bogun agyry, utgaşykly gelýän aşgazan-içege, ýürek, damar sökelliklerine şypa tapýarlar.

Şypahananyň çäginde bir müň üç ýüz elli metr çuňlukdan çykýan kükürtwodorodly suw adamlaryň saglygyny pugtalandyrmakda esasy bejeriş serişdeleriniň biri bolup durýar. Çünki bejeriş häsiýetli bu suw peýdaly mikroelementleriň ençemesini özünde jemleýär. Onuň tebigy häsiýetliligi bolsa bu kükürtwodorodly suwuň esasy aýratynlygydyr. Şoňa görä, bu ýerde dynç alyp, saglygyny pugtalandyrýan raýatlar kükürtli wanna, sauna, suwly basseýn ýaly bejergileri höwes bilen kabul edýärler hem-de olardan oňat peýda tapýarlar.

Adamyň saglygyny pugtalandyrmakda gündelik bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, türgenleşmek hem aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şu ugurda şypahanada dynç alýan raýatlar üçinem ähli şertler döredilipdir. Olar şypahananyň birkemsiz enjamlaşdyrylan bedenterbiýe otagynda dürli maşklary höwes bilen ýerine ýetirýärler. Bu bolsa raýatlarda aýratyn şähdaçyklyk döredýär, olaryň saglygyny pugtalandyrýar.

Şypahanada terapewt lukmanyň berýän gymmatly maslahatlary, tejribeli şepagat uýalarynyň geçirýän fizioterapiýa, iňňe refleksi bejergileri, owkalamak usuly, Mollagara palçygy, parafin, ozokerit ýapgylary adamlaryň ýürek-damar, guragyry, bogun agyry, aşgazan-içege sökelliklerinden saplanmaklaryna oňaýly täsir edýär.

— Adamyň saglygynyň pugtalandyrylmagynda şypahana şertlerinde dynç we bejergi almagyň hem aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bagtyýar raýatlarymyz barha giňden göz ýetirýärler. Şoňa görä, ýurdumyzyň ähli şypahanalaryna, şol sanda biziň şypahanamyza-da dynç alyp, saglygyny pugtalandyrmak üçin gelýän adamlaryň sany barha artýar. Häzirki günlerinde bolsa, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden zähmet rugsadyna çykan adamlar şypahanamyza has köpçülikleýin gelýärler. Bizem olaryň hyzmatymyzdan hoşal bolup gitmekleri üçin ähli işgärlerimiz bilen agzybirlikde, täzeçe gözlegler bilen işleýäris. Munuň özi oňat netijesinem berýär — diýip, «Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, terapewt lukmany Bäşimdurdy Jumadurdyýew gürrüň berýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.