ÝB-niň Geňeşi energiýa geçirijileriň bahalaryny we ÝB-niň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny maslahatlaşdy
Anna güni Brýusselde energetika boýunça Ýewropa Bileleşiginiň nobatdan daşary Geňeşi geçiriler. Onuň barşynda energiýa geçirijileriň bazarynda ýokary bahalar we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Brýusselde neşir edilen beýanda aýdylýar.
«ÝB-niň energetika ministrleri iki mejlisiň barşynda pikir alşarlar. Birinji mejlisiň barşynda energiýanyň ýokary bahalaryny pese düşürmek maksady bilen mümkin bolan gyssagly çäreler ara alnyp maslahatlaşylar. Soňra ministrler ýurtlarynyň geljek gyş möwsümine taýýarlyk ýagdaýlary barada hasabat bererler» - diýip Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň habarynda aýdylýar diýip, Interfaks habar berýär.
Beýanda aýdylyşyna görä, «ministrlere raýatlar, döwlet gullukçylary, kärhanalar we senagat üçin energiýanyň ýokary bahalaryny aşaklatmak üçin gysga möhletde ÝB-niň derejesinde durmuşa geçirilip bilinjek mümkin bolan çäreleri kesgitlemek teklip ediler».
7-nji sentýabrda Ýewrokomissiýanyň geçiriljek gepleşiklerini bildiriş edip, ÝK-nyň başlygy Ursula fon der Lýaýen rus gazyna ýokary çägi girizmek pikirini öňe sürdi.
«Biz gazyň bahalarynyň aşakladylmagyny maksat edinýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz rus gazy üçin bahalaryň «ýokary» çägini hödürläris» diýip, fon der Lýaýen ýörite beýan bilen çykyş edip belledi. Onuň bellemegine görä, ÝB rus gazynyň importyny 40%-den 9%-e çenli azaltdy.
Garaşylyşy ýaly, ministrleriniň duşuşygynyň barşynda ÝB ýurtlarynyň bilelikde energiýa geçirijilerini satyn almaklygy, gazyň we elektrik togunyň bahalarynyň bölünmegi hem-de elektrik energiýasy bazarynyň düzüminiň özgerdilmegi maslahatlaşylar.
Duşuşyk Çehiýanyň senagat we söwda ministri Ýozef Sikeliň ýolbaşçylygynda geçiriler. Ýewrokomissiýa ÝK-nyň energetika boýunça agzasy Kadri Simson wekilçilik eder.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.