Paýtagtymyzda Döwlet Maslahaty geçirildi

18:20 24.09.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/4333/original-16330907871ac6.jpeg

23-nji sentýabrda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan umumilli forum ýurdumyzyň we onuň her bir raýatynyň durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Çünki onuň gün tertibine diňe şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek däl-de, eýsem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri hem girizildi.

Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilllerini bir ýere jemlän Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylaryň düzümi ara alyp maslahatlaşmaga girizilen meseleleriň gerimine şaýatlyk etdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Ge¬ňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, şeýle hem halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň köp sanly işgärleri, il sylagly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýaşlarymyz ýygnandylar.

Forumyň dowamynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdylyp, amala aşyrylan taryhy özgertmeleriň ähmiýeti, döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şol meseleler boýunça dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlaryň, dürli pudaklaryň hünärmenleriniň çykyşlary diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn söz bilen çykyş etdi.

Arkadagly Serdarymyz sözüniň başynda esasy meseleleri kesgitläp, olara Maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şol meseleleriň hatarynda syýasy-ykdysady we durmuş-medeni ulgamlarda ýurdumyzyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi sütünlerini yzygiderli pugtalandyrmaga, onuň halkara abraýyny artdyrmaga, şeýle hem içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryny seljermäge gönükdirilen wezipeler bar.

2022-nji ýylda ýurdumyz garaşsyz ösüşiniň täze onýyllyklaryny öz içine alýan täze döwre gadam basdy diýip bellemek bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejämiziň esaslaryny berkitmegiň ähmiýeti barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, halk hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de Türkmenistanyň dünýä ýüzünde eýeleýän ornunyň has-da pugtalandyrmagyny göz öňünde tutýan döwlet ösüşine ýardam etjek anyk çäreler barada durup geçdi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär diýip Arkadagly Serdarymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda garaşsyz bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler barada aýdyldy hem-de bu ugurda geljekki ädimler kesgitlendi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerip, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda geljekde ýurdumyzyň ilatynyň köpelmegi, şäherleşme derejesiniň ösmegi bilen baglylykda, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz üçin hökmany ýagdaýda şähergurluşyk işini ösdürmegiň maksatnamasyny kabul etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de geljek döwürde sebitlerimizde düzüm desgalaryny gurmak bilen, sebitlerimiziň inženerçilik ulgamyny özgertmegiň hem-de şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp, durmuş taýdan ýokary ösüşi üpjün etmegiň ähmiýeti nygtaldy.

2022 — 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdeleri durmuş-ykdysady ösüş strategiýamyzy durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler. Býujetiň agramly bölegi, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

“Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 mü¬ňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys” diýip döwlet Baştutanymyz geljek ýedi ýylda durmuş syýasaty babatda hereketleriň maksatnamasyny beýan etdi.

Arkadagly Serdarymyz çeýe salgyt syýasatynyň geçirilmegini, salgyt salmagyň aýratyn tertibi bolan erkin ykdysady zolaklaryň hem-de gymmat bahaly kagyzlaryň ikinji bazarynyň hem ýola goýulmagyny, gazna biržalarynyň işiniň işjeň¬leşdirilmegini, milli pul-karz ulgamynyň kämilleşdirilmegini ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe bazarynyň işi has-da kämilleşdiriler, bank hyzmatlarynyň görnüşleri gi¬ňeldiler. Gymmatly kagyzlar bazaryny we maliýe gurallaryny ösdürmek, ätiýaçlandyryş ulgamynyň gerimini gi¬ňeltmek bilen bagly anyk çäreler durmuşa geçiriler. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýe¬ňillikli ipoteka karzlarynyň, şonuň ýaly-da, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylar diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Nygtalyşy ýaly, telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileri maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen işler dowam etdiriler, hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň gurallary tapgyrlaýyn kämilleşdiriler.

Bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologik taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty maliýeleşdirmäge-de aýratyn üns berler. Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk has-da ösdüriler.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn geljek üçin Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp düzmegiň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygyna goşulmagy üçin zerur işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady. Munuň özi milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek babatda täze mümkinçilikleri açar.

Milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlaryndaky islegleriň yzygiderli öwrenilmegine ünsi çekmek bilen hormatly Prezidentimiz degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Sergi strategiýasynyň işlenip düzülmegi hem zerur wezipeleriň biri diýlip kesgitlendi.

Obasenagat toplumyny ösdürmek we azyk bolçulygyny üpjün etmek meselesine degip geçmek bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasynyň dörediljekdigini aýtdy. Şeýle-de ekerançylykda we maldarçylykda «akylly», şol sanda takyk ekiji oba hojalyk tehnikalary ornaşdyrylar. Ýurdumyzyň strategik wezipelerinden ugur alyp, ylmy-barlag edaralarymyz tarapyndan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda gi¬ňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmegiň binýady hem dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşky gurşawy arassa saklamagyň, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmegiň we olary rejeli peýdalanmagyň, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. .

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň öňünde edara-kärhanalara, hususy telekeçilere hyzmat etmegiň «bir penjire» ulgamyna geçmek işini çaltlandyrmak wezipesi goýuldy.

«Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlary barada durup geçmek bilen hormatly Prezidentimiz bu ulgamda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, soň¬ky ýyllarda Gyýanlyda polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod, aýna kombinaty ýaly ägirt uly kärhanalar guruldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberi hem artdyrylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklar özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Bu täze energiýa köprüsi tebigy gazymyzyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin ugradylmagyny üpjün etmek bilen, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, işewür hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkemegine kuwwatly itergi berer.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda energetika, ulag, gurluşyk pudaklarynda amala aşyrylan taslamalara düýpli syn berdi, ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasatynda gazanylan üstünlikler barada durup geçdi.

Ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy, sargytlaýyn esasda amala aşyrýan ylmy işleriniň geriminiň gi¬ňeldiljekdigi aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýetini bellemek bilen degişli döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagyny möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmegiň, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegiň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyz ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmagy teklip etdi. Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmegiň, orta mekdeplerimiziň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmegiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek hem-de fiziki işjeň¬ligini ösdürmek meselelerini ulgamlaýyn, ylmy esasda öwrenmegiň ähmiýetini belläp, şu mesele boýunça 2022 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagynyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny nygtap, geljekde-de saýlaw ulgamyna degişli kanunçylygymyzy kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, geçirilýän saýlawlarda gazanylýan tejribeleri hem milli kanunçylygymyza ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylda geçiriljek örän wajyp ähmiýetli çärä - Milli Ge¬ňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Ge¬ňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, bu saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamaly diýip Arkadagly Serdarymyz belledi.

Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr diýip bellemek bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Maslahatynyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, şanly baýram mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlarynyň 829-synyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň günäsi geçilip, olar mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine degişli döşe dakylýan nyşanlary we şahadatnamalary, “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow umumymilli foruma gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň halkyny Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Başga habarlar
1664b48d412b3c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler.


16648c4ec90f9e.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler maslahatlaşyldy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.


166486487acdef.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady.

166485cd741a9e.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


16648582022ad2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy.