Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň Bilelikdäki Beýannamasy
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy.
Dostluk, özara hormatlamak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soň 30 ýylynyň içinde gazanylan, doganlyk halklaryň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, çuň medeni-ruhy arabaglanyşygyna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Prezidentler türkmen-gazagystan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ugruň üýtgewsizdigini tassykladylar, bu bolsa, iki doganlyk döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär we Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.
Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda döwlet özygtyýarlylygyny hem-de garaşsyzlygyny, çäkleriniň bitewüligini, serhetleriniň bozulmazlygyny, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlygy, deňhukuklylygy we özara bähbidi hormatlamak ýörelgelerine berk eýerýändiklerini tassyklap,
Türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda depginli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belläp,
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 18-nji aprelindäki Şertnamada beýan edilen ýörelgeleri goldanyp,
aşakdakylary beýan etdiler:
Prezidentler iki döwletiň arasynda durnukly we depginli ösüşiň esas goýujy şerti hökmünde ynanyşykly hem-de özara hormatlaýan syýasy gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýärler.
Gazanylan ylalaşyklary, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherine döwlet saparynyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Astana şäherine döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary bilelikde durmuşa geçirmegiň möhümdigini belleýärler.
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygy kanagatlanmak bilen bellediler, şeýle hem dünýä giňişliginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meýlini tassyklaýarlar.
Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde sebit kooperasiýasyny ösdürmekde we çuňlaşdyrmakda gazanylan ilerlemä ýokary baha berdiler. Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek işine bilelikdäki tagallalar arkaly mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýarlyk beýan edildi. Prezidentler Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bolup geçen Konsultatiw duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary doly durmuşa geçirmek ugrunda çykyş etdiler.
Prezidentler Hazarýaka sebitinde sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamak boýunça üýtgewsiz ugry we bilelikdäki tagallalary tassykladylar. Netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitini yzygiderli geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanda geçirilen Altynjy Hazar sammitiniň hem-de Hazar ykdysady forumlaryny mundan beýläk-de geçirmegiň ähmiýetini bellediler.
Çylşyrymly halkara ýagdaýy, döwletara dawa-jenjelleriň töwekgelçilikleriniň artýan we harby syýasy hem-de ykdysady gapma-garşylyklaryň güýçlenýän şertlerinde Taraplar ählumumy meseleleri çözmekde, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde, şeýle hem halkara bileleşiginiň tagallalaryny halkara parahatçylygyna howp salýan agressiýa hereketlerine garşy birleşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň institutlarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurdygy baradaky bir pikiri beýan etdiler.
Döwletleriň Baştutanlary ähli jedelli meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly parahatçylykly çözmegiň ähmiýetini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sebit we ählumumy derejelerde gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi goldamak we berkitmek işinde bitraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin sebit we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek», «Merkezi Aziýa parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly kararnamalaryny kabul etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda dünýä we adaty dinleriň liderleriniň gurultaýynyň, şeýle hem Aziýada hyzmatdaşlyk etmek we ynanyşmak çäreleri boýunça maslahatyň, «Merkezi Aziýa we Russiýa», «Merkezi Aziýa we Ýewropa birleşigi» sammitleriniň ähmiýetini belledi, bu çäreler hemmetaraplaýyn gatnaşygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Prezidentler COVID-19 pandemiýasy bilen bagly, milli, sebit we halkara derejelerinde döwletleriň tagallalaryny netijeli utgaşdyrmak arkaly bütin adamzadyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini talap edýän wehimleriň ählumumy häsiýetini tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýewiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýetmiş bäşinji mejlisinde öňe süren, öz işinde Biologik we zäherleýji ýaraglary gadagan etmek hakyndaky Konwensiýa esaslanýan Biologik howpsuzlyk boýunça Halkara agentligini döretmek baradaky, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda kesellere hem-de biohowpsuzlyga gözegçilik etmek boýunça sebit merkezleriniň ulgamyny döretmek baradaky başlangyçlarynyň möhümdigini belledi,
Döwletleriň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Aziýada hyzmatdaşlyk we ynanyşmak çäreleri baradaky Maslahatyň, Türki döwletleriň guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň hem-de forumlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we özara goldawa gyzyklanmany bellediler.
Taraplar halkara terrorçylygyna, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de halkara howpsuzlygynyň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriniň, şol sanda Türkmenistanyň wekili 2022-nji ýyldan direktory wezipesini eýeleýän, Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Almata şäherindäki Merkezi Aziýa sebit maglumat utgaşdyryjy merkeziniň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada çykyş etdiler.
Iki döwletiň ýolbaşçylary ýadro ýaragy bilen ýaragsyzlanmak we ony ýaýratmazlyk işinde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler, merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamany we Gazagystanyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70/57 kararnamasy bilen kabul edilen, Ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak hakyndaky ählumumy jarnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Prezidentler söwda, energetika, oba hojalygy, logistika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini ykrar edýärler.
Döwletleriň Baştutanlary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belleýärler.
Taraplar özara söwdanyň sanawyny giňeltmek, amatly şertleri döretmek we ýokary goşmaça gymmaty bolan önümleri çekmek arkaly haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmagyň ähmiýetini tassyklaýarlar. Döwletleriň Baştutanlary söwda wekilhanalaryny özara döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy ylalaşmagy we oňa gol çekmegi çaltlandyrmagy tabşyrdylar.
Döwletleriň Baştutanlary kiçi we orta telekeçilik ulgamynda bilelikdäki kärhanalaryň sanyny köpeltmäge gönükdirilen işewür gatnaşyklaryň zerurdygyny belleýärler hem-de yzygiderli esasda işewürler forumlaryny we senagat önümleriniň milli sergilerini geçirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge taýýardygyny beýan edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-gazagystan Işewürler Geňeşiniň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak we iş ýüzünde hyzmatdaşlyk etmek boýunça işini güýçlendirmegiň zerurdygy bellendi.
Prezidentler maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, maýa goýumlaryny çekmek we olary döwlet derejesinde goramak üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini belleýärler. Özara maýa goýumlaryny hemmetaraplaýyn goldamagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen, döwletleriň Baştutanlary Maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy ylalaşmagy hem-de oňa gol çekmegi çaltlandyrmagy tabşyrdylar.
Iki döwletiň sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliginiň ýokarydygyny kanagatlanmak bilen belläp, Prezidentler Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň sebitleriniň arasynda köpugurly gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýärler.
Bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak maksady bilen, Taraplar daşarky bazarlara gysga ýol bilen we netijeli çykmagy üpjün edýän ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.
Taraplar özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly «Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» ulag geçelgesini ösdürmegi, şeýle hem ulag kommunikasiýalaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, täze ugurlaryň üstünde işlemegi dowam ederler. «Uzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa – Bereket – Etrek (Türkmenistan) – Gorgan (Eýran)» ugry boýunça demir ýol gatnawlaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenip, bu Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň çäkleri boýunça ýükleri üstaşyr gatnatmagy üpjün edýän bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda ileri tutulýan ugur diýlip hasaplandy.
Prezidentler döwletara gatnaşyklarynyň binýady bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belleýärler. Bilim, ylym, syýahatçylyk we saglygy goraýyş babatda ylalaşyk gazanyldy. Taraplar ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny goldadylar.
Döwletleriň Baştutanlary özara esasda 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagy tabşyrdylar. Taraplar bilelikdäki telewizion taslamalary amala ayrmaga, sergileri, festiwallary we beýleki medeni çäreleri geçirmäge ýardam bermäge, umumy taryhy we medeni mirasy gorap saklamak hem-de ösdürmek maksady bilen, tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.
Prezidentler ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda suwuň, atmosfera howasynyň hapalanmagynyň, topragyň eroziýasynyň azalmagyna, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmäge gönükdirilen ylalaşylan çäreleri kabul etmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar.
Aral we Hazar deňizleriniň sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny, aýratyn-da, ekologiýa heläkçiligine duçar bolan zolaklarda ýagdaýy sagdynlaşdyrmak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklaýarlar. Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini göz öňünde tutmak we olaryň gatnaşmaklary bilen, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki tagallalara ýardam bermäge taýýarlyk bildirildi. Howanyň ählumumy üýtgemegi we deňze guýýan derýalaryň akymynyň peselmegi bilen şertlenýän Hazar deňziniň suwunyň azalmagynyň dowam etmeginden ynjalyksyzlyk bildirildi.
Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy baýlygy bolup durýandygyny we häzirki ýaşaýan onlarça million adamyň hem-de geljekki nesilleriň ykbaly, tutuş sebitiň durnuklylygy we abadançylygy bu serişdeleriň adalatly hem-de oýlanyşykly ulanylmagyna baglydygyny beýan edýärler. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi berkitmek we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem özara kabul ederlikli we adalatly çözgütleri gözlemek ugrunda çykyş edýärler.
Döwletleriň Baştutanlary saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine hem-de Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow myhmansöýerlik, mähirli kabul edişlik, akgöwünlilik üçin, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ähli halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Gazagystanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda jogap sapary bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Prezidenti
Serdar Kasym-Žomart
Berdimuhamedow Tokaýew
Astana şäheri, 2022-nji ýylyň « 15» oktýabry
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.