Habarlar

«OGT-2022» halkara forumy nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

https://ussatnews.com/storage/posts/4505/original-163567ec1600eb.jpeg

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahatyny we sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görülýär, olar «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda hem-de GaffneyCline britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralýar.

Wekilçilikli nebitgaz forumy bu möhüm strategik ulgamda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi ugur edinýär hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp düzmeleri ornaşdyrmak, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň kuwwaty barada maglumatlary bermek arkaly pudaga göni daşary ýurt maýasyny çekmek üçin netijeli tejribe alyşmak babatda ähmiýetli çärä öwrüler.

Üç gün dowam etjek halkara foruma dünýäniň 45 ýurdundan 500-den gowrak wekil ýüzbe-ýüz we onlaýn görnüşde gatnaşarlar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda dürli daşary ýurt we türkmen kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, şeýle hem ýerli we diýarymyzda işleýän daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly halkara maslahatynyň we serginiň guramaçylarynyň iki ýyllyk arakesmeden soň çärelere gatnaşyjylaryň toparyny giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek bilen, daşary ýurtlaryň wekilleri üçin Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ýörite çarter uçuşy, şeýle hem wiza goldawyny ýola goýandygyny bellemek gerek.

Maslahata halkara derejesinde uly gyzyklanmany nazara almak bilen Zoom platformasyny peýdalanyp, çäräni gibrid görnüşde geçirmek barada karara gelindi. Şunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklary ýüzbe-ýüz görnüşde bolşy ýaly, onlaýn geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Türkmen döwletiniň energetika maksatnamasy giň halkara hyzmatdaşlygynyň, uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň hem-de taýýar nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmegiň ekologik jähtlerini nazara alýan döwrebap tehnologiýalary çekmegiň esasynda nebitiň we gazyň uly gorlarynyň tapgyrma-tapgyr hem-de has netijeli özleşdirilmegini göz öňüne tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda belleýşi ýaly, şeýle forumlaryň geçirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman ählumumy binýadyny kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň işjeň ilerledilmegi babatda uly gyzyklanma döredýär.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly Halkara serginiň milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini eýýäm häzirden ynamly aýdyp bolar. Giň gerimli sergi Türkmenistanyň we dünýäniň nebitgaz pudaklarynyň iň gowy gazananlary, uglewodorodlar ugruny ösdürmek, nebit çykarmak we energiýa serişdelerini ugratmak, uglewodorod çig malyny saklaýan ulgamlary üpjün etmek, serwis hyzmatlary, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde amala aşyrylýan we durmuşa geçiriljek nebitgaz taslamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Sergä 50-den gowrak daşary ýurt we türkmen kompaniýalary gatnaşar. Dragon Oil, Petronas, CNPC, TATNEFT, ENI, Schlumberger we beýleki dünýä belli nebit kompaniýalary Türkmenistanyň nebiti, gazy, energetikasy we nebithimiýasy ulgamynda täze maýa goýum taslamalary hakynda habarlylygy artdyrmak maksady bilen diwarlyklaryny hödürlärler.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara sergisiniň innowasiýalarynyň ýene-de biri — oňa gatnaşyjylaryň özlerini tebigy serişdeleriniň çykarýan operatoryň ornunda görüp, nebit guýusynyň burawlanylyşyna hem-de tebigy gaz käniniň öwrenilişine wirtual hakykat tehnologiýalarynyň kömegi bilen syn edip bilmek mümkinçiligidir.

Maslahat öz nobatynda bazaryň esasy düzgünleşdirijilerini we oňa gatnaşyjylary, maliýe ulgamynyň wekillerini, alymlary we hünärmenleri bir ýere jemläp, ýangyç-energetika pudagynyň we geosyýasy ösüşiň häzirki möhüm ugurlary barada özboluşly pikirleri we seljeriş netijeleri hödürlär.

Maslahatda goňşy ýurtlardan nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyş etmegi göz öňünde tutuldy. Olaryň hatarynda LUKOÝL-yň wise-prezidenti Dmitriý Timoşenko bolup, ol türkmen energetika ulgamyna ofşor maýa goýum mümkinçilikleri hakynda gürrüň berer. Birinji mejlisde şeýle hem Tatneftiň baş direktory Nail Magamowyň çykyşy meýilleşdirilýär. Mitro International kompaniýasynyň baş direktory Boris Lewenşteýn türkmen energetika toplumyna ýerüsti maýa goýum mümkinçilikleri hakynda gürrüň berer.

Garaşylyşy ýaly, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklarynda uglewodorod serişdelerini özleşdirmek üçin maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berler.

Forumyň hyzmatdaşlary, ozaly bilen global energetika treýderi bolan SOCAR Trading «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň brilliant hyzmatdaşy diýlip yglan edildi.

Ştab-kwartirasy Şweýsariýada ýerleşen SOCAR Trading SA kompaniýasy Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) marketing şahasy hökmünde 2007-nji ýylyň dekabrynda hasaba alyndy. Ol Azeri-Çyrag-Güneşli känlerinden we Azerbaýjandaky beýleki golaý känlerden çykarylan nebiti satmak maksady bilen döredildi. Şol wagtdan bäri kompaniýa halkara bazarlarynda ornuny barha giňeltdi hem-de häzir nebit we nebit önümleri ulgamynda Türkmenistanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşy bolup durýar.

Hytaýyň milli «CNPC» nebitgaz korporasiýasy halkara maslahatyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. Ol dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän halkara energetika kompaniýasydyr. CNPC 38 ýurtda nebit we gaz maýa goýum amallaryny amala aşyrýar, ýurtlaryň 82-inde we sebitlerde nebit hem-de gaz desgalary üçin inžener-tehniki işler boýunça hyzmatlary hödürlemek bilen meşgullanýar.

CNPC-niň Türkmenistanda alyp barýan işleri 2007-nji ýylda başlandy. Şu günki gün känleri gözlemek we özleşdirmek, guýulary burawlamak we abatlamak, inženerçilik gurluşygy, tehniki enjamlary öndürmek, önümleriň satuwy we maliýe hyzmatlary bilen meşgullanýar. Hyzmatdaşlygyň üstünligi, iki ýurduň hökümetleriniň goldawy hem-de CNPC bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň bilelikdäki tagallalary bilen baglanyşyklydyr.

2009-njy ýylda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi işe girizildi, 2021-nji ýylda bu geçiriji boýunça türkmen gazynyň iberilişiniň möçberi 300 milliard kub metrden geçdi.

«Mitro International Limited» kompaniýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hyzmatdaşy bolup çykyş edýär, ol Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda nebit işlerine maýa goýumlary çekmeklige, hususan-da, nebitgaz känlerini gözlemeklige, barlamaklyga we işläp taýýarlamaklyga ýöriteleşendir.

2000-nji ýylyň iýun aýynda «Hazar» şertnamalaýyn çägini — Gündogar Çeleken ýatagyny işläp taýýarlamak babatda Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga (ÖPY) gol çekildi. Bir ýyl soňra «Mitro International Limited» kompaniýasy «Hazar» ÖPY taslamasynyň doly derejeli agzasy boldy we şol wagtdan bäri Gündogar Çeleken ýatagyny özleşdirmek we işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýar.

Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika ýurtlarynyň hataryna girmek bilen, uglewodorod çig mal gorlarynyň ägirt uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, dünýäniň energetika bazarynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Gaz ätiýaçlyklarynyň gory boýunça biziň ýurdumyz häzir dünýäde dördünji orny ynamly eýeleýär. «Galkynyş» gaz käniniň halkara auditi türkmen topragynyň baýlygyny subut etdi. «Ýaşlar» we «Garaköl» känleri bilen bilelikde, onuň ätiýaçlyklary 27,4 trln kub metr gaz möçberinde bahalandyrylýar.

Türkmen tebigy gazynyň esasy mukdary Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üs şahasy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Mundan başga-da, demirgazyk ugurda Russiýa Federasiýasyna we günorta ugurda Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna iberilýär.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy işjeň durmuşa geçirilýär. COVID-19 pandemiýasynyň täsirine we ondan soňky dünýä bazaryndaky ýagdaýlara garamazdan, TOPH ýurtlary bu taslamany goldamagyny dowam edýär. Uzynlygy 1853 km barabar boljak gaz geçiriji Türkmenistanda Galkynyş käninden Owganystanda üç sany nokada, Pakistanda üç nokada hem-de hindi bazaryny üpjün etmek üçin pakistan-hindistan serhedinden bir nokada ýylda 33 mlrd kub metr möçberinde iberiler. Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň ulgam bölegi ulanyşa girizilýär.

Türkmenistan göni maýa goýumlaryny çekmeklige möhüm ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Önümi paýlaşmak hakynda şertnamalaryň çäklerinde «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» «Eni Turkmenistan Limited», «PETRONAS» «CNPC» we beýleki daşary ýurt kompaniýalary Hazar deňziniň kenarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň gury ýer çäklerinde hem uglewodorod serişdelerini çykarmak işini alyp barýarlar.

Şeýle hem 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilen Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Hazar deňzinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejä çykarmaga ýardam eder. Bu käniň üstünlikli özleşdirilmegi Hazar sebitiniň uglewodorod eksport kuwwatyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly Halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde, olara gatnaşyjylar üçin dürli çäreler, şol sanda türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri boýunça gezelenç hem-de Aşgabadyň golf-klubunda oýun guralar.

OGT-2022-niň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek hem-de täze işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmak, ýangyç-energetika toplumyň işiniň ähli ugurlary – maliýeleşdirmekden başlap, önümçilik we sarp ediş ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek üçin ajaýyp binýat bolup hyzmat etjekdigini häzirden ynamly aýtmak bolar.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga habarlar
16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.

1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.


1675860645672a.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.