Habarlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy “Sungat we çeperçilik bilimi” atly Halkara ylmy maslahatyna gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4507/original-16356e215cd1b6.jpeg

2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim Ministrliginiň “Kazan Federal uniwersitetiniň” “Filologiýa we medeniýetleriň aragatnaşyklary institutynyň” gurnamagynda “Sungat we çeperçilik medeniýetleriň aragatnaşyk kontekstinde” atly XI Halkara ylmy-praktiki konferensiýasy internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu halkara ylmy forumynda sungatşynaslyk we çeperçilik bilim, şeýle-de saz ylmy, şekillendiriş sungatyň teoriýasy, dizaýyn we horeografiýa, teatr sungaty we kinematografiýa ýaly wajyp meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň wajyp temalary hökmünde sungatyň taryhy we nazaryýetiniň häzirki zaman metodologiýasy, sungaty taryhy (akymlary we ugurlary, folklor we milli däpleri häzirki zaman medeniýeti kontekstinde), häzirki zaman sungatyň we çeperçilik bilimiň sanly ulgamy, çeperçilik döredijiligiň pedagogikasy we psihologiýasy, saz sungatyň we bilim ösüşiniň häzirki zaman ymtylyşlary, sungat ulgamyň mugallymlarynyň hünär derejelerini ösdürmegiň innowasiýa tehnologiýasy ýaly temalary belläp bolar.

Şonuň bilen, şeýle abraýly halkara forumyna medeniýet we sungat ulgamynda işleýän alymlar, psihologlar we pedagoglar, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we aspirantlary gatnaşdylar. Türkmenistandan bu ylmy maslahatyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyň mugallymlary we aspirantlary çykyş etdiler.

Bahargül Ýakubowa “Zöhre we Tahyr” dessany we onuň häzirki zaman öwreniliş derejesi” atly tema boýunça çykyş etdi. Ol özüniň çykyşynda “Türkmen nusgawy şahyrlaryň şygyryýet mirasyna döredilen saz eserleri uly ylmy gyzyklanma döreýänligini, türkmen saz sungaty we edebiýaty çuňňur utgaşygynda bolup, ol türkmen bagşylaryň häzirki zaman sungatynda ruhy we çeperçilik bitewiligi kemala getirýänligini bеlledi. Şonuň bilen, “Zöhre we Tahyr” dessany ХIХ nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Mollanepesiň döredijiligi bilen aýrylmaz baglydyr. ХIХ asyryň ajaýyp türkmen şahyryň döredijiligi Gündogar halklaryň ruhy medeniýetiniň baýlygyny özünde jemleýär.

Agajan Açylow “Türkmen kompozitorlaryň fortepiano döredijiliginde milli çeşmeleri” atly tema bilen çykyş etdi. Öl öz çykyşynda türkmen kompozitorlaryň fortepiano üçin döreden saz eserlerinde milli däpleriň we häzirki zaman kompozitorçylyk ýazuw usullarynyň utgaşyk meselelerini açyp görkezdi. Bu babatda halk çeşmeleriň türkmen kompozitorlaryň döredijiligine ýetirýän täsirleri we häzirki zaman türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň dünýä saz medeniýetindäki orny barada giňişleýin gurruň berdi.

Rowşen Muhammedow “Hüwdi aýdymlary we olaryň folklorda tutýan orny” atly temasy bilen çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda Hüwdi aýdymlary halk döredijiliginiň däp bolan ugry barada, olaryň asyrlardan asyrlara, nesilden nesile geçip şu günlere gelip ýetmegi, zenanlaryň liriki döredijiliginde tutýan orny we “Hüwdi” aýdymlaryň gurluş aýratynlyklary barada ylmy babatynda baý maglumatlary berdi.

Tatýana Litwina “On bir saz gurallary ansambly üçin Çary Nurymowyň “Teke nagyşlary” eseriniň saz diliniň milli çeşmeleri” atly temasy bilen çykyş etdi. Onuň doklary Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty, professor we zehinli kompozitor Çary Nurymowyň döredijiligine bagyşlalan. 1976-njy ýylda döredilen “Teke nagyşlary” atly toplumy ansambl toparlary, şeýle-de ýekelikde saz gurallary ýerine ýetirýän sazandalaryň döredijilik hazynasynda berk orny eýeleýär. Tema boýunça “Teke nagyşlary” eseriniň milli häsiýeti we häzirki zaman kompozitorçylyk tehnikasy bilen tapawutlanýan aýratynlyklary açylyp berildi.

Aspirant Laçyn Hudaýberdyýewa “Ahal dutar sazandalarynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary” atly tema bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň dutar ýerine ýetirijilik sungatynyň merkezi bolan Ahal welaýatynyň däpleri we dutar ýerine ýetirijilik usullarynyň aýratynlyklaryny beýan etdi. Bu babatda, “Mukamlar”, “Gyrklar”, “Saltyklar” sazlaryň Mylly Täçmyradow we Pürli Saryýew ýaly meşhur sazandalar tarapyndan ýazga geçirilendigini we olaryň ussat sazanda halypa Kel bagşynyň şägirtleri bolmaklaryna garamazdan her biriniň özboluşly ýerine ýetirijilik sungaty bilen tapawutlanýanlygyny görkezdi.

Mähri SUWHANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasnyň “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy.

Başga habarlar
16a06c2eb20931.jpeg
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

169f84824718f5.jpeg
Ýaryşlar ussatlary saýlady

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.


169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.