Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

https://ussatnews.com/storage/posts/4517/original-16359f8bc77c95.jpeg

Hormatly adamlar!

Gadyrly halkara maslahata wesergä gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!

Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk işjeň, oýlanyşykly we maksada okgunly ýagdaýda ösdürilýär. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin häzirki wagtda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.

Ýurdumyz baý uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara çykarmak, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek arkaly ählumumy ösüşi we parahatçylygy gazanmak ugrunda taýsyz tagalla edýär. Gaz geçirijileri, üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitimizde durnukly ösüşi, parahatçylygy berkitmäge has-da kuwwatly itergi berer. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi muňa aýdyň mysaldyr. Gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Uglewodorod serişdelerini çykarmakda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de olary gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak üçin nebithimiýa we gazhimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugry ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak hem-de energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän, eksport edilýän möçberini artdyrmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir.

Türkmenistan täze gurulýan önümçiliklerde iň gowy dünýä tejribesiniň, öňdebaryjy, ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň has-da artmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilmegine, olaryň eksportyny artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, eziz Diýarymyzyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.