Täze oba gaz geldi
Halaç etrabynyň Akgala geňeşliginiň Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän Kekreli obasyna tebigy gaz geldi. Elbetde, ýurdumyzda ilatly ýerleriň aglabasynyň gazlaşdyrylan döwründe bu habaryň adaty bir zat hökmünde kabul edilmegi hem mümkin. Gadyrly okyjylarymyzdan şeýle netije çykarmaga howlukmazlygy haýyş edýäris. Bu wakanyň esasy özeni başga, has möhüm meselelerde jemlenýär. Ol bolsa hormatly Prezidentimiziň ilatyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen parasatly syýasatyndan gözbaşyny alýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bimöçber işler amala aşyryldy we bu nurana ýol üstünlikli dowam etdirilýär. Öňe sürlen maksatnamalaryň arasynda Oba milli maksatnamasy aýratyn orunda durýar. Onuň çäginde oba ýerlerinde hem ýaşaýyş jaý gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Jaý gurýanlara döwletimiz tarapyndan uzak möhlete niýetlenen ýeňillikli bank karzlary has elýeterli boldy. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem täze ilatly ýerler peýda bolýar. Olaryň biri-de ýokarda ady agzalan Kekreli obasydyr.
— Geňeşligimizde hojalyklaryň 1345-si bolup, ilatyň sany 7,5 müňe golaýlaýar. Olar durmuşy amatlylyklary döredýän tebigy gaz bilen kadaly üpjün edilýär. Indi olaryň hataryna täze obadaky hojalyklaryň 30-sy goşular. Döwletimiziň düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna bu gaz geçirijiniň çekilmegi we gaz paýlaýjy enjamyň oturdylmagy obadaşlarymyzyň arasynda ýokary ruhubelentlik döretdi — diýip, Akgala geňeşliginiň geňeşiniň arçyny Amanmyrat Durdyýew gürrüň berýär.
Täze obanyň ilatynyň ýaşaýşyny eşrete beslemäge hyzmat etjek gaz geçirijini gurmak işini «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Lebap welaýat ülşüniň hünärmenleri üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olaryň yhlasly zähmeti netijesinde bellenilen möhletinde uzynlygy 13 kilometre golaý bolan ýokary we orta basyşly gaz geçirijisi çekildi.
— Biziň gurluşyk guramamyzyň işgärleri täze gaz geçirijileri gurmak we olaryň ozaldan hereket edýänleriniň durkuny düýpli täzelemek işlerini ýerine ýetirýärler. Akgala geňeşliginiň çäginde ýerine ýetirilen işleri ýolbaşçylyk edýän toparymyň agzybir işgärleri berjaý etdiler. Özümize tabşyrylýan işleri gowy hilli ýerine ýetirip, ilatyň alkyşyny alýarys — diýip, ülşüň iş öndürijisi Arslan Jepbarow kanagatlanma bilen nygtaýar.
Ol soňra möhüm işde has tapawutlanyp zähmet çekýän işgärleriň atlaryny guwanç bilen agzady. Olaryň hatarynda kebşirleýjiler Öwezdurdy Durdyýew, Eziz Algulyýew, slesar gurnaýjy Baýram Hojaberdiýew, sürüji Gadam Bekiýew dagy bar. Şeýle gaýratly adamlaryň birleşen tagallalary arkaly tomsuň jöwzaly günlerinde çöl içinden möhüm gaz geçiriji guruldy. Şundan biraz wagt ozal bolsa olar Garabekewül şäherinde ýene bir buýurmany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Olar tarapyndan uzynlygy 1600 metre golaý bolan gaz geçirijisi çekildi. Şonuň netijesinde şäherde täze ýaşaýyş jaýlaryny guran maşgalalaryň ojaklaryna hem tebigy gaz eltildi.
— Biz şu günler etrabyň Güýçbirleşik geňeşliginiň çäginde ýokary basyşly gaz geçirijisini gurmak işine gatnaşýarys. Onuň uzynlygy 8 kilometre barabar bolar. Bu möhüm buýurmany hem bellenilen möhletinde ýokary hilli tamamlap, ilatymyzyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gazanarys we bagtyýar ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşarys — diýip, Arslan Jepbarow ynam bilen aýdýar.
Şu ýerde ýurdumyzyň gündogar welaýatynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça tutumly işleriň edilýändigini nygtasymyz gelýär. Häzirki döwürde welaýat boýunça tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 215 müňden hem aşdy. Olaryň 1106-sy bolsa şanly ýylda tebigy gazdan ilkinji gezek peýdalanyp başlady. Diýmek, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işler dowam edýär. Şol sebäpli mähriban halkyna şeýle bagtyýarlygy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdylýar.
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy
Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi
Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Uzynadadaky täze önümli guýy
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.
Okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.