Türkmenistan energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga tarap möhüm ädim ätdi
26 — 28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahaty we sergisi energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny kesgitledi.
«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda hem-de GaffneyCline britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralan iri ýöriteleşdirilen foruma dünýäniň 45 ýurdundan wekilleriň 500-den gowragy gatnaşdy.
Pudaklaýyn çäräniň guramaçylary foruma bolan ägirt uly halkara gyzyklanmany nazara alyp, çärelere gatnaşyjylaryň toparyny giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek bilen, daşary ýurtlaryň wekilleri üçin Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ýörite çarter uçuşy, şeýle hem wiza goldawyny ýola goýdylar.
Üç gün dowam eden halkara forumyň esasy temalarynyň hatarynda dünýäniň gaz bazarynyň ýagdaýy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň halkara energetika ulgamyna goşulmagy, energiýany netijeli ulanmak hem-de energiýanyň has arassa çeşmelerine geçmek ýaly meseleler boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu halkara maslahatyň hem-de serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyny nygtady.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde ýaýbaňlandyrylan “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly giň gerimli sergide milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy öz gazananlaryny hem-de hyzmatdaşlyk üçin mümkinçiliklerini görkezdi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary, Dragon Oil, Petronas, CNPC, TATNEFT, ENI, Schlumberger ýaly Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bolup, olar energetika pudagynda tehnologik mümkinçilikleri we işewür teklipleri bilen tanyşdyrdylar.
Forumyň birinji güni SSE-niň maslahatlar zalynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahaty (OGT-2022) öz işine başlady, ol Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, daşary ýurt we türkmen kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, ylmy merkezleriň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, halkara guramalarynyň we diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylaryny, şeýle hem ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini birleşdirdi.
Umumy mejlisi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow açdy. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
“Energiýanyň geljegi: täze howplar we mümkinçilikler” atly mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «ENOC Link LLC» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Oliwer Stin, “GaffneyCline” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Floran Russe, Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hou Sziszýun, Azerbaýjanyň «SOCAR Trading S.A.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszade, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) sebit boýunça direktory Binu Partan, Ýewropanyň energetika hartiýasynyň baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, ekologiýa meseleleri we tehnologiýa rewolýusiýasy ähli ýurtlaryň energetika pudaklary üçin umumy wehime öwrülip, olar zyýanly gazlaryň emissiýasyny çäklendirmegiň ugurlaryny gözläp tapmak, sanlylaşdyrmagyň şertlerinde düzümi ösdürmek ýaly meseleleri gün tertibine goşdy.
Foruma gatnaşyjylar üç günüň dowamynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan umumy we bölümler boýunça mejlislere gatnaşdylar, energetika pudagynda içerki we sebitleýin ösüşiň mümkinçiliklerine hem-de uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň ekologiýa meselelerine seretdiler. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine we wodorod tehnologiýalaryna geçmek ýaly meselelere aýratyn üns berildi.
Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani öz çykyşynda Türkmenistan bilen gaz ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň Merkezi Aziýanyň nebitgaz serişdeleri babatda ÝB-niň strategik maksatlarynyň merkezinde üýtgewsiz durýandygyny belledi.
Çikowaniniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 14 ýyldan gowrak wagt bäri Günorta gaz geçelgesiniň bir bölegi bolup, bu geçelge azerbaýjan, şeýle hem orta aziýa gazynyň goşmaça akymlaryny işläp taýýarlamak üçin giňeldilip bilner, bu bolsa, Türkmenistana öz energiýa çeşmelerini dürli bazarlara ugratmaga goşmaça mümkinçilik döredýär. Şunda gruzin nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň möhümdigini belledi.
«Häzirki wagtda ÝB-niň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygynda we ösdürilmeginde ileri tutýan bähbitleri Türkmenistanyň eksport gazynyň ugurlaryny artdyrmak maksadyna kybap gelýär» diýip, Çikowani diňe ÝB-niň däl-de, eýsem Azerbaýjanyň we Gruziýanyň hem Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini, energiýa serişdelerine artýan islegi kanagatlandyrmak üçin ýurduň serişdeleriniň ýeterlikdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda ol ÝB-niň hem-de Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň, şeýle hem senagat we halkara maliýe toparlarynyň wekilleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna çagyrdy.
CNPC-niň prezidentiniň belleýşi ýaly, «hytaý we türkmen liderleriniň taýsyz tagallalary netijesinde taraplar känleri işläp taýýarlamakda, tebigy gazyň söwdasynda, inženerçilik gurluşygynda hem-de inžener-tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmekde, şeýle hem enjamlary we serişdeleri ibermekde oňat netijeleri gazandylar».
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Sziszýun öz nobatynda sanly aragatnaşyk boýunça çykyş edip, 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň 340 mlrd. kubmetrden gowragynyň iberilendigini hem-de munuň iki ýurduň ykdysady taýdan ösmegine we olaryň halklarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine netijeli ýardam edendigini belledi. Şeýle hem CNPC-niň ýolbaşçysy geljekde türkmen gazynyň HHR-ne iberilýän möçberini artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Sziszýun şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gaz toplaýjy bekediň açylmagyny ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň mysaly hökmünde getirdi.
2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üs şahasy (A, B we Ç) boýunça Hytaý Halk Respublikasyna bir ýylda 40 mlrd. kubmetr gazyň iberiýändigini bellemek gerek. 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkandda geçirilen ŞHG-niň Sammitiniň çäklerinde HHR-niň Başlygy Si Szinpin hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyni işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Şeýle hem maslahatyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygynyň barşy barada habar berildi. Bu mesele boýunça «TAPI Pipeline Compani Limited» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, TOPH gazgeçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak, bu ozaly bilen sebitde hem-de taslama gatnaşyjy ýurtlarda energetika howpsuzlygy, bu Owganystanyň, Pakistanyň hem-de Hindistanyň ygtybarly we arzan tebigy gaz bilen üpjün edilmegi bolup durýar.
Gürrüň, ilkinji nobatda, elýeterlilik dogrusynda barýar – maksatnama býujet energiýasynyň hasabyna energetika ýetmezçiligini azaldar hem-de Pakistany 2030-njy ýyla çenli gerek boljak energiýanyň 50 % bilen, Hindistany bolsa, 2024-nji ýyldan soň zerur boljak energiýanyň 56 % bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Muhammetmyrat Amanow çäräniň dowamynda gürrüň berdi.
Bellenilişi ýaly, TOPH CO2 zyňyndylaryny azaltmak bilen, dünýäniň energetika howpsuzlygyna goşant goşar hem-de Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmäge ýardam eder.
OGT-2022 Halkara forumynda ýurdumyzyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow çykyş edip, daşary ýurtly maýadarlara Türkmenistanda “ýaşyl” taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagy tekip etdi.
Daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan wodorod energetikasy babatda uly kuwwata, has takygy eksport üçin ösen ulag ulgamyna, esasan-da çig mal binýadyna, tebigy gazyň we nebitiň uly gorlaryna eýe bolup durýar, pudagyň ösmegi bolsa, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek işini çaltlandyrar hem-de ýurdumyzyň uglerod bitaraplygy boýunça ählumumy maksada ýetmäge goşandyny artdyrar.
Innowasion tehnologiýalara hem-de nebitgaz ylmynda we biliminde nou-haulara bagyşlanan çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu tematiki mejlisiň çäklerinde nebitgaz pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, şol sanda ylmy kuwwaty ösdürmek babatda esasy wezipeler we gazanylanlar, şeýle hem nebitgaz pudagyny ösdürmekde ylmy-barlag we tejribe-gurnama işleriniň orny bilen tanyşdyryldy.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde türkmen we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda täze şertnamalara gol çekildi.
Hususan-da, “Türkmengaz” Döwlet konserni Russiýanyň “Trubnaýa metallurgiçeskaýa kompaniýa” (TMK) hem-de Birleşen Arap Emirliklerinden Auguste International kompaniýasy bilen önümleri getirmek barada şertnamalary baglaşdy. “Türkmennebit” döwlet konserni Hytaýyň Shandong kerui petroleum kompaniýasy bilen önümleri getirmek barada hem-de Dragon Oil kompaniýasy (Dubaýyň hökümetine degişli) bilen Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy Blokda 3D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi. Şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Hybrid Innovation GmbH kompaniýasynyň arasynda bahasy 6 million ýewrodan gowrak bolan tehnologik enjamlary getirmek barada şertnama gol çekildi.
Forum maslahata we sergä gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy bilen jemlendi. OGT-2022-ä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahatyň we serginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek hem-de täze işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmak, ýangyç-energetika toplumyň işiniň ähli ugurlary – maliýeleşdirmekden başlap, önümçilik we sarp ediş ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek üçin ajaýyp binýat bolup hyzmat edendigini ynamly aýtmak bolar.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.