Habarlar

Тürkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygy öz ösüşinde täze itergä eýe boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4566/original-16365590f81cd1.jpeg

Türkmenistanyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-3-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge¬ňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Moskwa resmi saparyny amala aşyrdy.

3-nji noýabrda Kreml köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bolan duşuşyk Gahryman Arkadagymyzyň doslukly ýurda saparynyň baý mazmynly maksatnamasynyň möhüm wakasyna öwrüldi.

Russiýanyň lideri Türkmenistanyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeni bilen sylaglady.

Gahryman Arkadagymyz bu orden bilen Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin sylaglandy.

Siziň gönüden-göni gatnaşmagyňyzda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň örän ýokary raýdaşlyk derejesine çykaryldy diýip, Russiýanyň Lideri nygtady.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlardyr, munuň özi durmuş hem-de döwür bilen subut edildi. Hyzmatdaşlyk ýylsaýyn berkeýär, gi-ňeýär, yzygiderli ösdürilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Milli Ge-ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Wladimir Putine Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň özüne bildirilen uly hormatdygyny we taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Moskwa bolan üç günlük saparyň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy russiýaly kärdeşi Walentina Matwiýenko bilen gepleşikleri geçirip, Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde çykyş etdi, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşdy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti russiýaly senatorlaryň gatnaşmagynda “tegelek stol” söhbetdeşligini geçirdi.

Türkmenistanyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge¬ňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda iki döwletiň mundan beýläk-de ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklary ösdürmäge, ýurtlarymyzyň arasynda zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmäge çalyşýandygy aýdyň göründi.

Soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de häzirki döwrüň maksatlaryna we wezipelerine kybap gelýän strategik türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek işinde Milli Ge¬ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň saparynyň ähmiýetli bolandygyna şaýatlyk etdi. Bu ozaly bilen, Türkmenistanyň Milli Ge-ňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge¬ňeşiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyk bolup, ol iki döwletiň kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendir.

RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň spikeri bilen söhbetdelikde Milli Ge-ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de ösdürmek üçin parlament gurallaryny işjeň ulanmaga, has ysnyşykly medeni gatnaşyklar, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, taslamalaryny döretmek, Türkmenistanyň we Russiýanyň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin şertleri kemala getirmäge çagyrdy.

RF-niň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen söhbetdeşligiň barşynda energetika ulgamynda özara gatnaşyklar barada meseläniň gozgalandygyny bellemek gerek. Bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dünýäniň energetika bazarlarynda tagallalaryň utgaşdyrylmagy iki döwlet üçin hem örän ähmiýetlidir diýip pikir edýäris. Biz, parlamentariler, bu ugurda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň has-da berkemegi üçin ähli tagallalary ederis, diýip Walentina Matwiýenko belledi.

2-nji no¬ýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge-ňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi hem-de Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Russiýanyň we Türkmenistanyň parlamentarileriniň bilelikdäki başlangyçlary bilen çykyş etmelidigini belledi.

Milli Ge¬ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň pikirine görä, parlament diplomatiýasy halkara gi¬ňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dünýäde döredilen parlament birleşikleriniň, ilkinji nobatda, olaryň iň irisiniň we abraýlysynyň — Parlamentara Birleşigiň orny ýokarlanýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň görnüşindäki gatnaşyklar uly ähmiýete eýe bolýar. Milli Ge¬ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebit we sebitara parlament forumlarynyň çäklerindäki bilelikdäki işleri netijeli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir görnüşi hökmünde görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda üstünlikli geçen iki iri çäräniň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti bellenildi.

Söwda-ykdysady ulgam Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir, diýip Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini, eksportimport amallarynyň möçberiniň artýandygyny, türkmen we rus kompaniýalarynyň giň möçberli, uzak möhletleýin ykdysady taslamalary amala aşyrýandyklaryny belledi. Energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, senagat, söwda, oba hojalygy tagallalary birleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň ykdysady gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän täze kanunlary kabul etmegiň, bu ugurda milli kanunçylyklary oýlanyşykly we deňagramly sazlaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Milli Ge¬ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Federal Geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, Aşgabatda Rus drama teatrynyň täze binasynyň guruljakdygyny, häzir onuň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýändigini habar berdi.

“Medeniýetiň, sungatyň, ylmyň, bilimiň üsti bilen biz hyzmatdaşlygymyzyň strategiýasyny we mazmunyny baýlaşdyryp bileris” diýip, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, rus halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýandygyny aýratyn belledi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň çäklerindäki ýadygärliklerde, heýkel kompozisiýalarynda, edaralaryň atlarynda türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbiniň ebedileşdirilendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy belleniler diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, medeni-ynsanperwer ulgamda parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiligine garalmagynyň maksadalaýyk bolup, bu gatnaşyklaryň mazmunyny degişli orta möhletleýin toplumlaýyn maksatnamada beýan edip boljakdygy bellenildi. Bu resminamany işläp taýýarlamak, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň ugurdaş komitetlerine tabşyrmak teklip edildi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine, şeýle hem taraplaryň bähbitlerini nazara almak bilen dürli ugurlarda bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.

Milli Ge¬ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ylym-bilim ulgamyny döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň çözgütlerine laýyklykda, geljek ýyl Türkmenistanda Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygy bellenildi.

Sport ulgamy, şeýle hem ýaşlar we gender deňligi syýasaty ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleri geçirmek arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlary K.Babaýewiň we K.Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hemde geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işi alyp barmagyň täze görnüşlerini işläp düzmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem 3-nji noýabrda Moskwada “Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy: ugurlar we ileri tutulýan wezipeler” atly “tegelek stol” söhbetdeşligi geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri, geljek döwür üçin özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlary, Russiýanyň hem-de Merkezi Aziýanyň has-da ýakynlaşmagynyň geljegi barada, şeýle-de halkara we ikitaraplaýyn parlamentara işler bilen baglylykda, başlangyçlary anyk durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Leýli AŞYROWA,

Ussatnews.com.

Başga habarlar
16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.

1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.


1675860645672a.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.