Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler
Декабр айыны 17-нден 27-си аралыкда Туркменистан илатыны ве Яшайыш джай горунынь учдантутма азувы гечирилер. Bu möhüm jemgyýetçilik çäresiniň şygary “Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýlip atlandyrylan bolsa, däp-dessurlary hem-de özboluşly mily taryhy-medeni mirasy goramagyň alamaty bolan Türkmeniň ak öýýy. Bu çäre ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy barada maglumatlary toplamaga we statistika maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Ilat ýazuwynyň nähili geçiriljekdigi barada okyjylarymyza gürrüň bermegi üçin biz Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ilaty hasaba alyş müdirliginň başlygynyň orunbasary Bägül Annamuhammedowa ýüz tut.
- Öňde boljak uçdantutma ilat ýazuwy hakynda ilatyň hökman bilmeli zatlary barada gürrüň beräýseňiz...
- Ozaly bilen uçdantutma ilat ýazuwynyň geljekde ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegi hem-de rowaçlanmagy üçin ygtybarly binýat goýmaga mümkinçilik berjek maglumatlary toplamaga ýardam etjekdigini bellemek isleýärin. Ol adam mümkinçilikleriniň ösmegine, şol sanda saglygy goraýyş desgalarynyň, okuw mekdepleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň hem-de ýol düzüminiň gurluşygyna maýa goýmagyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.
Uçdantutma ilat ýazuwy Türkmenistanyň ýaşaýjylary, şol sanda daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş durmuş şertleri barada maglumatlary toplamagy Ony ýörite bilim alan işgärler – hasapçylar geçirerler.
- Ilat ýazuwy nähili geçiriler?
- Maglumatlary toplamak üçin hasapçylar öýlere we jaýlara aýlanyp, aýratyn elektron ýazuw kagyzlarynyň 4-si boýunça ilatdan soramak işlerini geçirerler, şol kagyzlaryň her birine soraglaryň belli bir topary goşuldy.
- Nähili soraglar berler?
- Ýurdumyzyň ilaty şu sowallara jogap bermeli bolarlar: ýaşy, milleti, jynsy, doglan ýeri we yyly, raýatlygy, maşgala ýagdaýy, bilim derejesi, işleýän ýeri we girdeji çeşmeleri.
Şeýle hem ýazuw kagyzlarynda ilatyň durmuş şertleri barada sowallar bar. Öýüň ýa-da jaýyň görnüşini, gurlan senesini, umumy meýdanyny, otag sanyny we abatlamagyň görnüşlerini görkezmeli bolar. Ýaşaýyş jaýynyň eýeçiligi, otaglarynyň sany, meýdany, jemagat hyzmatlary we internet bilen üpjünçiligi barada goşmaça maglumat bermeli.
Язгыда дуранлыгына ве машгалабашы билен гарындашлыгына гарамаздан öý ходжалында Яшайн адамларын саныны хёкман геркезмели.
- Bu işde döwrebap maglumat tehnologiýalary ulanylarmy ýa-da ýazuw işleri köne usul boýunça geçirilermi?
- Elbetde, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen geçiriler. Hasapçylar işinde degişli programmalar bilen üpjün edilen planşetleri ulanarlar. Şunuň bilen baglylykda, UNFPA-nyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýardam etmeginde dürli enjamlaryň – kompyterleriň, kuwwatly serwerleriň we maglumat gerbellem saklaynlylylyryň. Olar planşetlerden maglumatlaryň Statistika baradaky döwlet komitetiň merkezi serverinde saklanýan maglumatlar binýadyna avtomatik usulda baryp gowuşmagyna mümkinçilik ber hem-de ilat ýazuwynyň maglumatlarynyň takyklygygyny hilli yüer
- Maglumatlar nähili goralar?
- Ilat ýazuwynyň maglumatlary gizlin saklanýar. Alynan maglumatlar diňe özbaşdaklygyndan aýrylan görnüşde ulanylar.
- Hasapçylara haýsy resminamalary görkezmeli bolar?
- Ýazuw kagyzlaryny doldurmak üçin 20-30 minutdan kän wagt gerek bolmaz. Olary doldurmak üçin hasapçylar ilatyň şahsyýetini we ýaşaýan ýerini tassyklaýan resminamalary talap etmezler. Maşgalanyň ähli agzalary barada maşgalabaşy maglumat berip biler.
- Göçürip ýazyjylaryň (hasapçylaryň) tapawutlandyryjy nyşanlary barmy?
- Ilat ýazuwynyň geçirilýän döwründe hasapçylaryň
- Йорите Шахадатнамаси;
- ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň resmi nyşany dakylan ýaşyl ýeňsizleri ;
- ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň resmi nyşany dakylan ýaşyl torbasy bolar.
- Bägül Gurbansähedowna, beren jogaplaryňyz üçin sag boluň, олар бизин хеммамиз ючин - «Илат ýazuwy-2022» довлет чаресине гатнашыйлар ючин гуррюньсиз пейдалы болар.
Сохбетдеш болан Лейли Аширова,
Ussatnews.com.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.