Habarlar

Täze Arkadag şäheri Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4825/original-163a475fc087d7.jpeg

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň etraplarynyň, şäherleriniň ýaşaýjylary bilen geçirilen köp sanly duşuşyklarda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýan raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalarda mizemez türkmen döwletiniň berkarar bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlaryna beýik sarpa, çäksiz guwanç, buýsanç beýan edilýär hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini «Arkadag» diýip atlandyrmak barada biragyzdan teklipler öňe sürülýär.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyşnamalaryny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

1. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesini bermeli.

2. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmaly.

3. Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini Arkadag şäherine geçirmeli.

4. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 ga ýerlerini şu kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli.

5. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny, Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli, dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmaly.

6. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşligini ýatyrmaly.

7. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

8. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy

G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji dekabry.

Başga habarlar
16a06c2eb20931.jpeg
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

169f84824718f5.jpeg
Ýaryşlar ussatlary saýlady

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.


169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.