Habarlar

«Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 350 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi

https://ussatnews.com/storage/posts/4914/original-163bbde4d8fead.jpeg

Ulanylyp başlanyndan häzirki wagta çenli Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Ženmin Žibao» gazetine taýýarlan makalasynda aýdylýar. Makala geçen anna güni «Нейтральный Туркменистан» gazetinde hem çap edildi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýtmak bilen, Serdar Berdimuhamedow «Ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek gerek. 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Aziýa yklymynda amala aşyrylan iň iri bilelikdäki energetika taslamasyna öwrüldi. Häzirki wagta çenli bu gaz geçiriji boýunça Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Munuň özi aňrybaş çäk däldir» diýip belledi.

Prezidentiň sözlerine görä, bu gaz geçiriji iki ýurduň ýolbaşçylarynyň energetika babatda ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine syýasy taýdan jogapkärçilikli, oýlanyşykly, ykdysady babatda öňdengörüjilikli çemeleşmeleriniň aýdyň nusgasydyr.

Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maslahatynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti Hou Sziszýun Türkmenistandan Hytaýa 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri jemi bahasy 60 mlrd dollarlyk 340 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi.

Şeýle hem CNPC-nip ýolbaşçysy geljekde HHR-e iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şu maksat bilen, turba geçirijiniň häzirki hereket edýän 3 şahasyna goşmaça 4-nji şahany gurmak meselesi maslahatlaşylýar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.