Makalalar

Gülälek BABAKULOWANYŇ GURJAKLY DÜNÝÄSI

https://ussatnews.com/storage/posts/4920/original-163be69bd45592.jpeg

Biz dürli gurjaklary ýasap, milli lybaslar bilen bezemegi özüne kär edinen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň ýolbaşçysy bolup zähmet çekýän Gülälek Babakulowa paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide gabat geldik. Onuň bezän diwarlygyndaky milli eşikli gurjaklarda nazarymyz eglendi. «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylaryny milliligi öz el işlerinde janlandyrýan bu zehinli zenanyň döredijiligi bilen tanyşdyrmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülälek Babakulowa bilen söhbetdeş bolduk.

— Gülälek, gurjaklaryň daşky bezegi çyn ussadyň elinden çykandygyndan, her birine uly yhlas hem zehin siňdirilendiginden habar berýär. Sizde bu gözellikleri ýasamak baradaky pikir haçan döredi?

— Mary şäherinde doglup, şol ýerdäki 1-nji orta mekdebi tamamlap, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýokary bilim aldym. Ykbal meni Ahal welaýatynyň Änew şäherine getirdi. Agzybir ojagyň arzyly gelni boldum. Gyzjagazymyň dünýä inmegi meniň gurjak ýasamagyma sebäp boldy. Çünki özüm tikip, biçip, dürli lybaslar bilen gyzjagazymy gurjak ýaly bezeýärdim. Gyzym ýaňy üç ýaşyny doldurypdy. Bir gün ol tikin edýärkäm, oýnap oturan gurjagyny elime berdi-de: «Eje, gurjagyma-da keşdeli köýnek tikip beräý-dä!» diýdi. Galan matalardan ýakasyny keşdeläp, gurjagyna köýnek tikip geýdirenimde, gyzjagazymyň şatlygyny görüp, kalbym ylhamlandy. Esasy işimiň daşyndan gurjak ýasap, dürli matalardan köýnek tikip, olary bezemegi ýola goýdum.

Häzirki wagtda döredijilik öýüniň ýolbaşçysy bolup zähmet çekmek bilen, milli nagyş gurnagy boýunça okuwçy gyzlara dürli lybaslary biçip tikmegi öwredýärin.

— Bu iş gaty inçe görünýär. Megerem, ol uly zähmeti-de talap edýändir...

— Dogry bellediňiz. Kiçijik gurjaklary bezemek köp wagty talap edýär, köp zähmet çekilýär. Görýän bolsaňyz, boýy 15 santimetrden başlap, bir metre ýetýän gurjaklar bar. Olar köwşünden başgabyna çenli geýindirilýär. Onsoň, ýüz keşbiniň-de geýimine görä bolmagyny gazanmaly. Gyzym Aýlar jan onunjy synpda okaýar. Ol hem maňa kömek edip, özbaşdak işlemegi-de gowy görýär.

— Gülälek mugallym, taryhy şahsyýetlerimizi janlandyran işleriňiz barada hem gürrüň beräýseňiz?

— Gurjaklaryň üsti bilen şöhratly taryhymyzy, bol-bereketli türkmen tebigatyny, halyçylyk sungatynyň gözelliklerini açyp görkezmäge çalyşýaryn. Oguz han atamyzyň we onuň alty oglunyň keşbi janlandyrylan gurjaklary ýasap, halkymyza hödürledim. Gadymy harby lybaslardaky gerçekler geçmişde ýurt berkararlygy, il azatlygy ugrunda söweşen gahrymanlarymyza uly buýsanç döredýär. Olaryň ata Watana bolan söýgüsi, ene topraga bolan yhlasy, gaýduwsyzlyk, merdanalyk, gahrymanlyk bilen söweşip, gazanan ýeňişleri bu topragyň Garaşsyz, berkarar, Bitarap bolmagyna getirdi. Bu şu günki ýaşlar üçin nusgadyr, görelde mekdebidir.

— Söhbetdeşligimiziň soňunda geljekde meýilleşdirýän işleriňiz barada hem durup geçseňiz?

— «El hünäri — il gezer» diýilýär, halkymyzda. El hünärimiz bilen ýaşlaryň terbiýesine goşant goşmak, olarda millilige söýgi, buýsanç döretmek esasy maksadymyz. Ýakynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginde amaly-haşam sungat ussatlarynyň «Milli gurjaklaryň we oýnawaçlaryň dünýäsi» atly döredijilik sergisine gatnaşmak bagty nesip etdi. Bu sergä gyzym bilen taýýarlan «Dutarçy gyzlar», şeýle-de «Şadessanly gyzlar» atly işlerimizi hödürledik. «Dutarçy gyzlarda» eli dutarly on iki gyzyň keşbi tut agajynyň üstünde janlandyrylan. On iki gyz on iki müçäni aňlatsa, tut agajy gazma dutary ýasamak üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Milli lybaslardaky şadessanly bäş gyzda taryhymyzy şöhlelendirdim. Garaz, gurjaklarymyzyň her biri geçmiş taryhymyzdan, şu günki ajaýyp döwrümizden söhbet açýar.

Zehin-başarnygymyzy açyp görkezmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

— Gülälek, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Bizem siziň döredijilikli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Ýazgül ANNAÝEWA,

ussatnews.com.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.