Habarlar

BP-niň Hazar sebitindäki meýilnamalary türkmen gazynyň Ýewropa eksportynyň geljegini berkider

https://ussatnews.com/storage/posts/5003/original-163dce29ce8fbd.jpeg

Ýakynda BP kompaniýasy Hazar sebitinde hereket edýän nebit we gaz känlerinde geljek işläp taýýarlamalary babatda iki sany metbugat beýanyny çap etdi. Turkmen Forum kompaniýasynyň bilermenleriniň pikirine grä, bu meýilnamalar Türkmenistandan Ýewropa tarap tebigy gazyň eksportyny guramak üçin mümkinçilikleri berkider.

BP-niň birinji metbugat beýany Azerbaýjanyň esasy nebitgaz çykaryş guýusy bolan Azeri-Çyrag-Güneşli (AÇG) käninde işleniň taýýarlanylýan nebit käniniň astynda ýerleşen çuňlukdaky gaz hakynda maglumat toplamak üçin barlag guýusyny burawlamaga degişli. 4500 metr çuňluga çenli burawlamak meýilleşdirilýär.

Ikinji metbugat beýany bar bolan gaz gorizontlaryndan aşakda ýerleşen çuňlukdaky gaz serişdelerine has oňat düşünmek üçin Şah-Deňiz gaz kondensatly kände synag guýusyna degişli. Bu guýynyň çuňlugy 7000 metr bolar.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, bu iki guýular gazy tiz çykarmaga getirer. Gazy gözlemekde hem-de maýa goýum çözgüdini kabul etmekde üstünlik gazanylaýan ýagdaýynda hem AÇG-niň çuňluklaryndan bolşy ýaly, «Şah Deňziň» çuňluklaryndan ilkinji gaz 4 ýa-da 5 ýyldan alnar.

Şol bir wagtda bu beýanatlar Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge çynlakaý niýetini görkezýär. Bu Günorta gaz geçelgesini giňeltmek we 2020-nji ýyllaryň ahyrlaryna çenli Ýewropa gaz ibermek üçin gowy täzelikdir.

Turkmen Forum kompaniýasynyň bellemegine görä, bu Türkmenistan üçin gowy täzelikdir. Çünki türkmen gazy ibermeleriň möçberini artdyrmakda möhüm rol oýnar. Bu bolsa Azerbaýjan bilen bilelikde Dostluk känini bilelikde işläp taýýarlap başlanylanda has hem maksadalaýyk bolar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.