Eksporta niýetlenen önümler
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemekde, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda ýokary önümçilik netijelerini gazanýanlaryň arasynda Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň işgärleriniň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Olaryň agzybirlik hem-de yhlas bilen çekýän zähmeti ýerine düşýär.
— Ösen tehnologiýalara, täzeçe tehniki çözgütlere daýanýan desgalarymyzda esasy bölegi eksporta ugradylýan harytlyk önümleriň öndürilişini artdyrýarys. Bu babatda üstümizdäki ýylda belent sepgitler abraý bilen eýelenýär — diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Begenç Haýdarow gürrüň berýär.
Geçen ýylyň on bir aýynda müdirlik boýunça suwuklandyrylan gazyň 109,7 müň tonna golaýy öndürilip, meýilnama 107,4 göterim berjaý edildi. Öndürilen harytlyk önümiň 106,7 müň tonna golaýy bolsa eksporta ugradyldy. Munuň özi daşary ýurtly sarp edijilere 11 müň tonna golaý önümiň meýilnamada bellenilenden artyk iberilendiginden habar berýär.
Gazanylýan üstünlikde müdirligiň suwuklandyrylan gaz öndürýän Naýypdaky desgalar toplumynyň inžener-tehniki işgärleriniň zähmet paýy has saldamlydyr. Döwrebap toplumda şu ýylyň başyndan bäri geçginli önümiň 97,4 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Desgalar toplumynyň başlygy Atageldi Kurbanýazow çylşyrymly önümçilikde işleriň ýokary sazlaşykly guralmagyny, gymmatly önümiň öndürilýän möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagyny gazanýar.
Ýurdumyzda giňden bellenilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralarda bu müdirligiň işgärleriniň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Olaryň birnäçesine bolsa kärdeşler arkalaşygy guramasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ak ýürekden, ýokary netijeli zähmet çekip, kärdeşlerinden tapawutlanýanlaryň arasynda II — V derejeli tehnologik nasoslaryň maşinisti Jumageldi Kerimow, II — V derejeli tehnologik gurluşlaryň operatory Zakirjan Jumadurdyýew we beýlekiler bar. Gowy görelde bolsa işgärleriň arasynda giň goldaw tapýar. Netijede, bir maksada gulluk edilip, agzybirlik bilen çekilýän zähmet bu gaýratly adamlara at-abraý, hormat getirýär.
Müdirlikde esasy işler bilen birlikde, Naýyp gaz käninde suwuklandyrylan gazy kabul edýän we saklaýan, Gazojak şäherinde bolsa suwuklandyrylan gazy kabul edýän we demir ýol hem-de awtomobil çeleklerine ýükleýän desgalaryň durkuny täzelemek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Ýerli gurluşykçylar möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrmak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler.
— Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň meselelerine uly ähmiýet bermek bilen, biziň öňümizde jogapkärli wezipeleri goýdy. Olary abraý bilen berjaý etmek üçin mundan buýana hem tutanýerli zähmet çekeris. Şonuň hasabyna-da eksport edilýän önümleriň möçberini has-da artdyrarys — diýip, B.Haýdarow ynam bilen aýdýar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.