Lebap welaýatynyň gazçylary ýanwar aýynda 1 mlrd kub metrden gowrak «mawy ýangyç» çykardylar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň zähmetkeşleri 2023-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmak ugrunda mynasyp zähmet çekýärler.
Müdirligiň merkezi önümçilik-dispetçerlik gullugynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji aýy boýunça 1 milliard 19,3 million kub metr tebigy gaz çykaryldy, şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 104% ýerine ýetirildi.
Belläp geçsek, bu hili oňyn görkeziji geçen aýda hasaba alnan aşa sowuk howada gazanyldy. Termometriň sütünjigi minus görkezijileri görkezende «mawy ýangyjyň» sarp edilişi hem düýpli artýar. Uglewodorod serişdelerini çykaryjylar adaty bolmadyk howa şertleri zerarly gazyň berlişiniň mümkin bolan bökdençlikleriniň öňüni almak üçin ähli çäreleri gördüler. Gaz üpjünçilik ulgamyna gyş möwsüminde sarp edijiler üçin zerur bolan bu gymmatly önümiň bökdençsiz ýetirilmegi üçin ähli tagallalary etdiler.
Müdirligiň Kükürtli ulgam-önümçilik uçastogynyň işgärleriniň goşandy aýratyn bellärliklidir.
— Biz ýylyň birinji aýy üçin bellenilen meýilnamany 110 göterim ýerine ýetirip, şertnamalaýyn borçnamalarymyzy üstünlikli ýerine ýetirdik. Depginimizi gowşatman, munda n beýläk hem öňe hereket ederis — diýip, uçastogyň önümçilik-dispetçerlik gullugynyň başlygy Begenç Çaryýew aýdýar.
Kükürtli uçastogy boýunça tebigy gazyň çykarylyşy geçen aýda 846,9 million kub metre barabar boldy. Öndürilen harytlyk önüm sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär. Çykarylan gazyň bir bölegi Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisine iberilýär. Bu gaz geçirijisi boýunça geçen aýda 489 million kub metr gaz iberildi. Bu turba geçiriji arkaly tebigy gaz şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.