Nebitgaz toplumynda şu ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini, şonuň netijesinde bolsa nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, benzin, suwuklandyrylan gazy öndürmek, «mawy ýangyjy» eksport etmek ulgamynda tehniki-ykdysady görkezijileri has-da artdyrmalydygyny, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guralmalydygyny aýratyn belledi.
Şeýle-de wise-premýer hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan gelip çykýan uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek, öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly kärhanalaryň taslama kuwwatynda işledilmegini üpjün etmek, amatly bahalardan import enjamlaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny, himikatlary we sarp ediş serişdelerini bökdençsiz getirmek ýaly wajyp wezipeleriň netijeli çözülmelidigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebit we gaz serişdeleriniň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, bu ugurda häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ulanmak, önümçilik hem-de düzümleýin desgalary kämilleşdirmek işlerini güýçlendirmek, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bar bolan kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda dolandyrmak babatda berlen tabşyryklar barada giňişleýin durup geçdiler.
Ýygnagyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny gazanmak üçin gaz saklawhana desgalaryny gurmak meselesine hem seredildi. Şunda dünýäniň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň bu iri taslamany durmuşa geçirmek boýunça tekliplerini içgin öwrenip, degişli teklipleriň taýýarlanylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Aşyrguly Begliýew hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda berjaý etmekligiň örän möhüm wezipedigini nygtamak bilen, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolup durýan ýangyç-energetika senagatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň has-da berkidilmegi üçin her bir işgäriň jogapkärli, tutanýerli zähmetiniň wajypdygyny belledi.
Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.