Türkmen telekeçileriniň önümi bolan «GM OIL» motor ýaglary bazara çykýar
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Geljege Miras» hususy kärhanasy ýeňil we ýük awtoulaglary üçin motor ýaglarynyň önümçiligini özleşdirdi we eýýäm bu önümiň ilkinji tapgyrlaryny daşary ýurtlara iberdi.
— Motor ýaglarynyň önümçiligine başlamak pikiri duýdansyz gelen zat däl. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň baş maksady ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, innowasion önümçilikleri döretmäge, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Öňde goýlan maksatlary durmuşa geçirmekde döwlet Baştutany telekeçilere uly orun berýär. Bu bolsa bize täze kärhanalary döretmäge ruhlandyrýar — diýip, kärhananyň direktory Kuwwat Baýlyýew aýtdy.
Motor ýaglarynyň önümçiligi we islegi boýunça bazar öwrenilenden soň, şeýle hem zerur hasaplamalardan soň, kärhana bu işiň orta işewürlik üçin elýeterliligini hem-de uly geljeginiň bardygyny anyklady. Desgany gurup, zerur enjamlar satyn alnandan soň, 2022-nji ýylyň sentýabrynda kompaniýa «GM OIL» haryt nyşanly önümleriniň önümçiligini işe girizdi we häzirki wagta çenli onuň ilkinji tapgyrlary daşary ýurtlara eksporta iberildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman motor ýaglary binýatlyk ýaglary (çig mal) dürli funksional maksatly prisadkalar bilen garyşdyrmak arkaly alynýar. «Geljege Miras» kärhanasy mineral ýaglary öndürmek üçin binýatlyk ýaglary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alýar. Ýarym sintetik we doly sintetik ýaglary öndürmek üçin binýatlyk ýaglary, şeýle hem ähli prisadkalary daşary ýurtdan alýar.
Ýurduň içinde bolşy ýaly, daşary ýurtlardan satyn alynýan binýatlyk ýaglary hem-de prisadkalar diň ýokary hilli bolýar, çünki öndüriljek ýagyň hili şu göökezijilere baglydyr. Motor ýagynyň öz işini uzak hem ygtybarly ýerine ýetirmekligi üçin tehnologik zynjyry berk berjaý etmek möhümdir. Ýörite desgada binýatlyk ýaglar we prisadkalar kesgitli barabarlykda we şertlerde garylýar. Netijede berlen aýratynlykly we häsiýetnamaly ýag alynýar. Zerur bolan goşundylaryň anyk möçberini awtomatika üpjün edýär.
Kärhanada tehnologik işiň ählisi dolulygyna awtomatlaşdyryldy, alynýan önüm SGS halkara ulgamy boýunça şahadatnamalaşdyryldy.
Kärhananyň kuwwaty sagatda 5 tonna barabardyr. Gyşky, tomusky we uniwersal ýarym sintetik we doly sintetik motor ýaglary öndürilýär. Jemi 10-dan gowrak önüm ady bar. Geljekde has ýokary häsiýetnamasy bolan motor ýaglarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Tehnologik zynjyryň gidişine gözegçilik etmek we ýerli işgärlerden hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin kärhanada şeýle hem Türkiýeden gelen hünärmenler hem zähmet çekýär.
«GM OIL» haryt nyşanly ýaglar sarp edijileriň giň köpçüligine heniz mälim däl. Şol bir wagtda hem «Geljege Miras» kärhanasynyň hünärmenleri «GM OIL» haryt nyşanly ýaglarynyň tehniki görkezijileri we häsiýetnamalary babatda dünýä belli brendlerden pesde däldigine ynanýarlar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.