Şerepli gaz ýatagynda ýene-de bir guýy önüm berdi
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzir Mary welaýatynyň çägindäki Şerepli, Kelleli, Garabil gaz ýataklarynda guýularyň burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde Şerepli gaz ýatagynyň 02 belgili ulanyş — baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar.
Müdirligiň burawlaýjylary şu gaz guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini iki müň üç ýüz otuz üç metr çuňluga ýetirdiler. Olar özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de guýulary burawlamakda toplanylan baý tejribe arkaly iki müň iki ýüz togsan ýedi — iki müň iki ýüz togsan bir metr aralykdan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar. Munuň özi buraw ussasy Gurbangylyç Amangylyjowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň bäş aýyň dowamynda agzybirlikli, egin-egne berip çeken päk zähmetiniň miwesidir.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň awtoulaglar kärhanasynyň ýöriteleşdirilen kämil, döwrebap awtoulaglarynyň, gaz gurluşyk mehanizmleriniň ýokary öndürijilikli, sazlaşykly işledilmegi guýuda burawlaýyş işlerini bellenilen möhletinde üstünlikli ýerine ýetirmeklige şert döretdi. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde alty ýüz ýigrimi sekiz müň kubmetr tebigy gaz berýär.
— 02 belgili ulanyş guýusynda burawlaýyş işlerini üstünlikli geçirmegine geologlar Guwanç Gurdow, Ýazmuhammet Eýupow, burawlaýjylar Kakabaý Çetiliýew, Bäşim Goççyýew, synag geçiriji toparynyň burawlaýjylary Baba Babaýew, Batyr Orazow, Gadam Bagyýew, Orazgeldi Çaryýew dagy saldamly goşant goşdy. Elbetde, bu ulanyş — baha beriş guýusynyň ilkibaşdan şonça mukdarda «mawy ýangyç» bermegi täze ýatagyň baý gaz goruna eýediginiň aýdyň alamatydyr.
Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt wodorodsyz — arassa bolmagy bu ýatagyň önüminiň iň esasy aýratynlygydyr. Bu bolsa Şerepli gaz ýatagyndan alynjak tebigy gazyň hili babatynda dünýä ülňüleriniň ölçeglerine doly laýyk bolmagyny şertlendirýär. Şeýle hem gaz käniniň önüminiň ykdysady taýdan bähbidi ýokary bolar.
«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzir Mary welaýatynyň çägindäki Kelleli, Garabil gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler. Olar täze gaz ýataklaryny özleşdirmeklige döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar — diýip, müdirligiň baş geology Muhammet Saparmyradow gürrüň berýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.