Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.
Söwda-ykdysady ugur boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň entek doly möçberde ulanylmaýandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen bilelikde işewürler geňeşiniň döredilmeginiň tarapdarydygy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Kataryň telekeçiler birleşmesi bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýlelikde, işewürlik binýatlaryny pugtalandyrmaga taýýardyr – diýip Serdar Berdimuhamedow belledi.
Mundan başga-da, Katar Döwletiniň maliýe ulgamynyň, maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň döreýşiniň we hereketiniň oňyn tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýdyldy.
Şeýle hem türkmen telekeçileriniň katarly kärdeşleri bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary düýpli we hil taýdan giňeltmäge, olaryň üstünlikli tejribesini özleşdirmäge, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardyklary nygtaldy. Häzir şeýle hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçilikler bar diýip, Prezident iki ýurduň haryt öndürijileriniň we hyzmatlar ulgamynda özara sergileri geçirmegiň, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryny yzygiderli guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Duşuşykda ýangyç-energetika toplumy, nebitgaz enjamlaryny eksport etmek, söwda-ykdysady, senagat, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi.
Şunuň bilen baglylykda, Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iş alyp barmak ugrunda döredilýän amatly maýa goýum ýagdaýy we üpjün edilýän şertler bilen ýerinde tanyşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge meýilleriniň bardygy nygtaldy.
Mundan başga-da, türkmen telekeçileriniň Katarda bilelikdäki işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy. Ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda Aşgabatda dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biriniň ýöriteleşdirilen merkezini açmak teklibi öňe sürüldi.
Gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda bank işi we gozgalmaýan emläk bazaryny ösdürmek ykdysadyýetiň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Erkin senagat zolaklaryny döretmek, onda Kataryň toplan oňyn tejribesini alyşmak ýaly birnäçe teklipler öňe sürüldi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.