Habarlar

«Türkmengaz» DK-nyň Başlygy: gaz ätiýaçlyklary, «Galkynyşyň» özleşdirilişi, turbageçirijiler we maýadarlar üçin mümkinçilikler barada

https://ussatnews.com/storage/posts/5370/original-1644909a983c0a.jpeg

Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynyň iri gatnaşyjylarynyň biri. Ýurduň uglewodorod serişdeleri 71 milliard tonnadan gowrak nebit barabarlygynda ölçenilýär, şolardan 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trillion kub metrden gowragy tebigy gaz. Bu barada Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýda 26-njy aprelde öz işine başlan halkara göçme forumynda eden çykyşynda belledi.

Bu sanlara laýyklykda, bu günki gün Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň, dünýäde dördünji orny eýeleýär diýip B.Amanow belledi.

«Türkmengaz» DK-nyň başlygy Türkmenistanda ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýan kuwwatly serişde binýadynyň bardygyny aýratyn belledi. Häzirki wagtda tejribe-senagat ulanyş tapgyrynda bolan «Galkynyş» käni gazyň ägirt uly goruna eýe. Ol Ýaşlar we Garaköl ýataklarynyň golaýynda ýerleşip, 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.

Meýdanynyň we gaz gorunyň ululygy bilen baglylykda, bu gaz känini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň maksatnamasy kabul edildi, her tapgyr öz gezeginde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen anyk taslamalaryň çäginde özleşdirilýär.

B.Amanowyň belleýşi ýaly, 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen we öz içine üç sany ugurdaş şahany (A, B we Ç) alýan Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi özara bähbitli transmilli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Bu şahalar Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça geçýär.

Hytaýda gazyň sarp edilişiniň artýandygyny belläp, «Türkmengaz» DK-nyň Başlygynyň aýtmagyna görä, öň gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Hytaýa türkmen gazynyň iberilişi dördünji şahanyň ulanyşa girizilmegi bilen ýylda 65 mlrd kub metre ýetmeli. HHR-e çenli onuň ugry Türkmenistanyň serhedinden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çägi boýunça geçer.

B.Amanowyň bellemegine görä, «Galkynyş» känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň barşynda çykarylýan tebigy gaz Türkmenistanda ulanylýar, şeýle hem Hytaýa iberilýär. Bu käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde Petrofac, CNPC we Hyundai Engineering kompaniýalary harytlyk gazy taýýarlamak boýunça ýerasty we ýerüsti ammarlar guraldy.

HHR-e ýylda goşmaça 25 mlrd kub metr gaz ibermek üçin «Galkynyş» käniniň ikinji tapgyryny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär diýip, B.Amanow belledi. Häzirki wagtda guýulary burawlap we ikinji tapgyry özleşdirip başlamak hakynda şertnamanyň şertleri boýunça gepleşikler geçirilýär.

«Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçysy öz çykyşynda halkara maýadarlarynyň ünsüni «Galkynyş» känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryna çekdi. Ol Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gazy üpjün eder.

B.Amanowyň belleýşi ýaly, birinji sessiýanyň çäklerinde foruma gatnaşyjylaryň dykgatyna GaffneyCline kompaniýasynyň we «Türkmengaz» DK-nyň hünärmenleriniň «Galkynyş» känini özleşdirmegiň ýedi tapgyry boýunça bilelikdäki işiniň jikme-jik netijeleri hödürleniler.

Soňra B.Amanow foruma gatnaşyjylara «Türkmengaz» DK-nyň işini beýan edýän wideo hödürledi.

Çykyşynyň ahyrynda «Türkmengaz» DK-nyň Başlygy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýalary bilen daşary ýurtly maýadarlaryň hyzmatdaşlygynyň ösmegi üçin oňat meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.