Habarlar

Täze ýatakdan tebigy gazyň akymy alyndy

https://ussatnews.com/storage/posts/5389/original-164517fd069bb4.jpeg

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, täze guýulary burawlamak we gurmak bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap enjamlardyr tehniki serişdeler bilen üpjün etmek üçin ähli şertleri döredip berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary döwletimiz tarapyndan berilýän kömek-goldawlara jogap edip, tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary häzir ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Kelleli, Garabil gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

Burawlaýjylar täzelikde Kelleli gaz ýatagynyň 01-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Olar şu gaz guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini iki müň bäş ýüz ýigrimi bäş metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanylan baý iş tejribesi arkaly iki müň dört ýüz altmyş dokuz — iki müň dört ýüz altmyş ýedi metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar.

Bu guwandyryjy zähmet üstünligi buraw ussasy Arslan Meredowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň birnäçe aýyň dowamynda egin-egne berip, agzybirlikli çeken zähmetiniň miwesidir. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde bäş ýüz ýetmiş bir müň kub metr tebigy gaz berýär.

— 01-nji ulanyş-baha beriş guýusynda burawlaýyş işleriniň üstünlikli geçirilmegine burawlaýjylar Kakageldi Babaýew, Hojadurdy Geldiýew, guýularda synag ediş toparynyň burawlaýjylary Baba Babaýew, Batyr Orazow, burawlaýjynyň kömekçileri Annadurdy Çaryýew, Ýakup Abdyýew, dizel maşinisti Öwezdurdy Mälikow dagy zähmet goşantlaryny goşdular — diýip, buraw ussasy Arslan Meredow gürrüň berýär.

Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt wodorodsyz — arassa bolmagy bu ýatagyň önüminiň esasy aýratynlygydyr. Bu gaz käniniň önüminiň ykdysady taýdan bähbidiniň ýokary boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zähmet gadamlaryny batlandyryp, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýleki gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.