Ruhubelent gazçylar
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük» önümçilik edarasynyň gazçylary şu ýylyň ilkinji çärýegini netijeli jemlediler. Gaz gysyjy, ugur ulanyş, elektrosuw üpjünçiligi, awtomatika we elektrohimiýa gorag gullugy ýaly gulluklardan hem-de awtoulag hojalygy, abatlaýyş-gurluşyk topary ýaly bölümçelerden ybarat edarada şu günler alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus bolan ýokary ruhubelentligi we ajaýyp zähmet joşgunyny duýmak bolýar. Edarada bar bolan gaz gysyjy, gaz geçiriji desgalarda onuň günortasynda ýerleşýän «Garagum» gaz gysyjy bekedinden gelýän tebigy gazy arassalap we güýçlendirilen görnüşinde «Ýylanly» önümçilik edarasyna üstaşyr geçirmek bilen meşgullanýan işçi-hünärmenler gaz desgalarynyň zerur ýerini düýpli abatlamak hem-de geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar.
Ýeri gelende aýtsak, edaranyň işgärleri ýurdumyzyň gaz känlerine baý bolan gündogar böleginden alynýan tebigy gazy Diýarymyzyň demirgazygyndaky içerki sarp edijilere ýetirmek bilen bir hatarda, onuň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem ýokary netijelere eýe bolýarlar. Muňa mysal edip, bu ýerde «Türkmenabat — Derýalyk» gaz magistralynyň ugry bilen Ýewropa tarap tebigy gazy akdyrmak hem-de zerur bolan halatynda onuň mukdaryny aýba-aý artdyrmak ugrunda şu günler durmuşa geçirilýän wajyp işleri görkezmek bolar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna beslenen şu ýylymyzyň häzirki günlerinde ýurdumyzda emele gelen ýokary ruhubelentlik bolsa edaranyň gazçylaryny ýylyň belent sepgitlerine hem-de täze zähmet rowaçlyklaryna galkyndyrýar.
— Gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän önümçilik edaramyzda işleriň dünýä ülňülerine gabat gelýän kompýuter enjamlary we tilsimatlary arkaly dolandyrylýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde her bir işde halypalaryň iş tejribelerine daýanylýandygyny, şeýle-de tehniki we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini aýtmak bolar. Bu desgalarda agzybir zähmet çekýän gaz gysyjy gullugynyň dispetçeri Serdar Ärnazarow, şol gullugyň maşinistleri Guwanç Gaýypow, Azym Saparbaýew, ugur ulanyş gullugynyň başlygy Ýagşymyrat Tanaýew, energosuwüpjünçilik bölümçesiniň ussasy Täzebaý Amanow ýaly halypa işgärlerimiz ýaş hünärmenlere her bir işde görelde bolmak bilen, öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Edaramyzyň Garagum sährasynyň jümmüşinde, medeni zolakdan uzakda ýerleşýänligine garamazdan, bu ýerde işleýän zähmet adamlarynyň amatly iş şertlerinde zähmet çekmegi üçin ähli zerur bolan şertleriň döredilmegi alnyp barylýan işleriň depginli gitmegine hem-de ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekilmegine mümkinçilik berýär — diýip, edaranyň baş inženeri Serdar Garlyýew hoşallyk bilen aýdýar.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.